Sensiz setirler (Oýlanma)

Sensiz bolmaz diýilýärä bilýäňmi?
Ol söz sen bolmasaň, bu dünýeden giderin diýmekligi aňlatmaýar,.

Sensiz günlerim agyr geçer, Ir bilen oýanýan, ýöne öňkiler ýaly ýüregimde gopgun ýok. Häzir sms ýa-da senden jaň geler diýen umyt ýok. Näme boldygymy sensiz bul,. Işe barýaryn abet wagty ýetende herkim öz söýgilsine jaň edýändir,. ýa-da ýylgyryp öz söýgilsinden gelen sms-i okap otyrandyr. Şol wagt şeýlebir kemsinýär ýürek,. näme boldygymy sensiz ,. Iş wagty tamamlanandan soň ýolda ýa-da awtobusda bir aýdym aýdar, seni ýa-da senli günleri ýatlatýan bir aýdym, diňlärsiň... şol wagt dolar bokyrdagym, edil şo mahal dagy sorag beräýseler diňe başym atyp jogap berip bilýän, sebäbi gürlemäne ýagdaý ýokdur. Näme boldygymy sensiz. Agşamlyk öýe dolanarsyň jemlenşersiň maşgala bolup nahar başyna, başyň sallap otyransyň keýipsiz, sorag bererler hossarlaň "planjan nämä keýpiň ýok, ýa bir ýetmeziň barmy" diýip. A sen bolsa "Meň ýetmezim diňe şol" diýip bilmersiňde, diňe" ýokla işden ýadaw geldim diýip" goýarsyň. näme boldygymy sensiz. Ýeriňe geçersiň ýatmak üçin, ýöne ýatybam bilmersiň derekli, içiň gürledersiň gapdal ýatarsyň, gözüň gyrasyndan syrygan ýaşy öziňem bilmän galarsyň, bir derdiňi sesin çykarman çekişjek diňlejek diňe ýassygyňdyr,. Şodurşyňa uklap galarsyň gynana gynana, näme boldygymy sensiz. Ine şeýle günimiň geçişi boldygymy sensiz Melegim...

Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir