Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli tamamlanyp barýan «Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresi» barada biziň okyjylarymyza bu çärä gatnaşyjy Türkmenbaşynyň NGIZT-nyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Ilmyrat Begjanow şeýle gürrüň berdi.

- Begjanowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň gurnamagynda 21.05.2019-njy ýylda Awazadaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda işe başlady. Kongresiň açylyş dabarasy myhmanhananyň öňünde aýdym-sazly çykyşlar bilen başlanyp, ýaşulylaryň gatnaşmagynda açylyş lentasynyň kesilmegi bilen dowam etdi. Gaz kongresine 15-den gowrak daşary ýurt döwletleriniň degişli ministrlikleriniň wekilleri, 20-den gowrak ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalaryň wekilleri, 200-den gowrak daşary ýurt kompaniýalaryň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli döwlet we hususy kärhanalaryň 100-den gowrak hünärmenleri wekilçilik etdiler. Meýilnama laýyklykda, çäre 4 bölümde geçip, diňleýjilere şol ýerde gatnaşýan kompaniýalar tarapyndan gaz we gaz kondensatly känleri işläp geçirmek we çykarmak, tebigy gazy almak, arassalamak, gaýtadan işlemek, tebigy gazdan suwuklandyrlan gazy öndürmek, tebigy we suwuklandyrlan gazy içeri we daşary sarp edijilere ibermek ugurlarynda öz işläp taýýarlamalary hem-de täzelikleri bilen tanyşdyrmalary geçirildi.

Şeýle Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresi, Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda 2010-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilip, şu gün ýagny 22.05.2019-njy ýylda çäräniň resmi taýdan ýapylyşy meýileşdirilýär. Bu gaz kongresi oňa gatnaşyjylara kämilleşmäge hem-de tejribe toplamaga giň mümkinçilikler döretdi.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, tebigy baýlyklary gaýtadan işläp, içerki sarp edijiler we eksport üçin önüm öndürmek bilen bir hatarda energoresurslary eksport etmek esasy wezipeleriň biri bolup, bu ugurdan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýagny, Türkmenistan dünýäde gazyň ätiýaçlyk gory boýunça Russiýadan, Eýrandan, Katardan soň 4-nji orny eýeleýär. Mawy ýangyjyň gorlaryny tapmak üçin geolog-gözleg işlerini geçirmek, ýangyjy gaýtadan işläp, tebigy galyndylardan arassalamakdan soňra esasy wezipe eksport marşrutlaryny giňeldip, tebigy gazy dünýä bazaryna çykarmak bolup durýar diýip Begjanow belledi.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir