Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!

Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk we abadançylyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Garaşsyz ýurdumyzda asylly däpleriň birine öwrülen, indi ençeme ýyllardan bäri guramaçylykly geçirilýän Halkara gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn.

Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolan Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän gaz kongresi ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Bu çäräniň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de hyzmatdaşlary tapmakda ähli şertleri döretjekdigine ynanýaryn.

Gadyrly watandaşlar!
Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gaz kongresiniň ähmiýetiniň örän uludygyny bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşýan hünärmenler möhüm meseleler bilen birlikde, gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebit we gaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak barada pikir alşarlar, teklipleri öwrenerler. Häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa pudaklarynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazananlaryny, iň täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy talap bolup durýar.

Biziň ýurdumyz häzirki wagtda «mawy ýangyjy» Hytaý hem-de Russiýa döwletlerine eksport edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Iri taslama bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirer.

Türkmenistan tebigy gazy eksport etmegiň uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen çäklenmeýär. Ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge hem uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda gurulýan önümçilikler aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen, 2018-nji ýylda ulanmaga berlen Gyýanly polimer zawody, häzirki wagtda gurluşygy, goýberiş-sazlaýyş işleri soňky tapgyrda dowam edýän Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän gazhimiýa toplumy diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem iň iri önümçilik desgalary bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň geljegi has uludyr.

Gadyrly dostlar!
Hanymlar we jenaplar!

«Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlaryny çekmekde ýurdumyzda amatly şertleriň ýokary derejede döredilýändigini aýratyn nygtamak isleýärin.

Türkmen topragy tebigy baýlyklaryň gorlarynyň baý mekanydyr. Soňky ýyllarda tebigy gazy gözläp tapmak, çykarmak we gaýtadan işlemek bilen bagly meseleler häzirki döwrüň talabydyr. Ykdysady meseleleriň oňyn çözülmegini ýangyç-energetika toplumyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistan nebitgaz senagatynda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly bu wezipeleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar we geljekde hem gatnaşar.

Hormatly kongrese gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tejribe alyşmakda, gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde kongresiň netijeli boljakdygyna ynanýaryn.

Men siziň ähliňize berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir