Alma hakynda gyzykly 15 maglumat

Alma hakynda geň maglumatlar

Miwe we bakja önümleri witaminden doly bolanlygy üçin saglygymyza gowy täsiri bardyr. Her gün iýýän miwelerimizden bolan alma hakynda pikirlenip gördüňizmi? Bu miwaniň nähili aýratynlyklary bar oýlandyňyzmy? Suwlyja bolan wagty has hem süýji bolýar. Geliň onda gündelik iýýän bu miwämiz hakynda täsin maglumatlary okalyň.

1 – Marketde


Amerikada marketlerde satylýan almalar 1 ýyl öňki ýygylan hem bolup bilýär. Ýagny 1 ýyl durkuny ýitirmän saklaýar.

2 – Degişli bolan maşgalasy


Alma, şetdaly we malina ösümlik dümýäsinde güller familýasyna degişlidir.

3 – Miweleriň üstündäki etiketkalar

Alma ýada beýleki miweleriň üstüne ýelmeşdirilen etiketkalary iýip bolýar.

4 – Almanyň Amerikadaky görnüşleri


Diňe Amerikanyň özünde ýetişýän 2500 görnüşi bardyr. Her gün bir görnüşini iýip barlap göreniňde-de soňuna çykmak üçin 7 ýyl wagt gerek boljak.

5 – Almanyň dünýädäki görnüşleri


Tutuş dünýäde bolsa bu miwäniň 7500 görnüşi bardyr. Her gün birini dadyp görseň dynmak üçin 20 ýyk gerek boljak ekeni.

6 – Suwda çümenok


Bu miwe suwda çümmeýär. Sebäbi bolsa onuň düzüminiň 25% howadan durýar.

7 – Kaloriýasy


Orta boýdaky bir almanyň kaloriýasy 80e deňdir.

8 – Iň köp öndürýän ýurtlar


Dünýäniň 40 göterim almasyny Hytaý öndürenligi üçin ol 1-njy ýerde. Yz ýany bilen Amerika ikinji ýerde. Üçünji ýerde bolsa Polşa durýar.

9 – Bir ýylda näçe sanysyny iýýäris


Bir adam bir ýylda ortaça 65 sany alma iýýär.

10 – Düzümindäki kislota (turşulyk)


Almanyň düzümindäki kislota dişlerimizdäki hapalary aýyrmaga kömek edýär. Şol kisloto diş pastalaryna hem goşulýar.

11 – Alma gorkysy

Ylymda, almadan gorkmaga “malusdomesticaphobia” diýilýär. Geň gorky.

12 – Iň ulysy


Dünýäde iň uly alma 1,5 kg ekeni. Ýagny garpyz kesen ýaly edip kesmeli bolýandyr J.

13 – Alma agajy


Alma agajynyň miwe getirmegi üçin ekilenden soňra 4 – 5 ýyl gerek bolýar.

14 – Şänigi


Almanyň şäniginiň düzüminde belli derjede siýänür bardyr. Ýagny miwe iýilen wagty içiňize gitse onda size ýaramaz täsir etmegi mümkin.

15 – Kofe we alma

Irden turanymyzda ukydan oýanmak üçin 1 çaşka kofe içeniňden 1 alma iýseň çalt täsir edýär. Ýagny kofeden has gowy oýarýar.


Çeşme: tasinliklerdunyasi.com

Bilim, Gürgençli tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir