HAJYMUHAtMMET HAN
(1520-1602)

Hajymuhammet han (Hajym han) 1520- nji ýylda häzirki Köneürgenç töwereginde eneden bolýar. Ol, arakesmeler bilen 1558-1602-nji ýyllarda Horezmde hanlyk edýär. İňlis syýahatçysy A.Jonjkinson ony: Türkmenleriň Patyşasy, diýip atlandyrypdyr. Hajymuhammet han ilki Wezirde (Döwkesende), 1565-nji ýylda-da Aly soltan ölenden soňra, Ürgenç (Köneürgenç) we töwereginde häkimlik sürýär. Ol, 1592-nji ýylda Nusaý we Duruny basyp alýar. ýöne ol ýerlerde köp wagtlap häkim bolup galyp bilmeýär, çünki Buhara hany Abdylla II., (1558-1597-nji ýyllarda hanlyk
eden) Horezme we Horasana ýöriş edýär. Şeýlelikde, Hajymuhammet han Eýrana geçmäge mejbur bolýar. 1595-nji ýylda ol, şa Abbasyň huzuryna barýar we onuň
Horasana eden ýörişinden peýdalanyp, Horezmi gaýdyp almagyň hyýalyna düşýär, ogullary Arapmuhammedi we
Muhammedgulyny alyp türkmenleriň arasyna gelýär. Olara Kürendagyň türkmenlerinden 50- 60 adam, Uzboýyň
türkmenlerinden-de 600 adam goşulýar. Hajymuhammet han şolara daýanyp, Buharalylary Horezmden kowup çykarýar. Ol bu ýerde uzak saklanyp bilmändir, çünki Horezmi basyp alanlaryndan soň, türkmenleriň tas hemmesi diýen ýaly yzlaryna gaýdýarlar. Bu ýagdaýy duýan
Abdylla, Hajymuhammet hanyň doganynyň ogly Baba soltany öldürýär. Hajymuhammet han, ogly Arapmuhammet bilen Eýrana geçýär. onuň, ilkinji ogly Muhammedguly bolsa ilki Maňňytlaryň, soňra ruslaryň arasyna barýar. Hajymuhammet han, Abdylla han we onuň ogly ölenden soň, 1598-nji ýylda Horezmde ymykly oranşýar. Ol, 1602-nji ýylda aradan çykýar. Şondan soň, Horezm onuň ogly Arapmuhammet tarapyndan kontrol edilýär.

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir