Biziň geçmiş taryhymyz bilşimiz ýaly türkmen Watanyny ömür-boýy gorap, söýüp gelipdir. Sebäbi, Watanda göbek-ganyň daman Mukaddes topragyň, bu dünýä ineniňden soň gije-gündiz goraglap, aladasyz ýaşamagyň aladasyny edýän ata-eneň, ojagyň, mekanyň bar. Bularyň ählisi Mukaddeslikdir. Türkmen halky edermen, gaýduwsyz şahsyýetlerinden nusga alýan, danalaryň göreldesine eýerýän milletdir.

Watany ähli zatdan ýokarda görýän türkmeniň gerçek ogullary 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda özleriniň edermenlikleri bilen taryhda asla ýitmejek yz goýdular. Türkmenistanly esgerler Watançylyk urşunyň ilkinji agyr günlerinden başlap, urşuň ähli frontlarynda gahrymanlarça söweşip, özleriniň Watan öňündäki borçlaryny abraý bilen berjaý etdiler. Türkmen ýigitleri şol aldym-berdimli söweşlerde özleriniň ata-babalarynyň - Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň, Göroglynyň, Baýram hanyň şöhratly harby däp-dessurlaryny dowam etdirdiler. Watan goragy ugrundaky gazaply söweşlerde görkezen edermenlikleri üçin türkmenistanly esgerleriň 105-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy, 18 esger “Şöhrat” ordeniniň doly 3 derejesi bilen sylaglandy. Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Gurban Durdy, Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyrow, Muhammet Ataýew we beýleki gerçekleriň atlary, şeýle hem “Şöhrat” ordeniniň eýeleri Muhammetguly Durdyýewiň, Çary Nazarowyň we Yhlas Öwezgeldiýewiň atlary Watançylyk urşunyň sene ýazgysyna hemişelik ýazyldy.

Watan goragyna türkmen zenanlary hem gatnaşdylar. Olardan Saçly Dursunowa, Dürjemal Ysmaýylowa, M.Bagşyýewa, K.Kulyýewa aýratyn tapawutlandylar. Respublikanyň ilaty urşuň agyr ýyllarynda gije-gündiz jan aýaman zähmet çekip, fronda kömek etdiler. Şol döwürde Goranmak gaznasyna 7392 kg altyn-kümüş, 170 mln manat pul, 110 mln manatlyk gymmat bahaly kagyz zaýomlary topladylar.

Türkmen halky frontda-da, tylda-da gaýduwsyzlyk we edermenlik görkezip, Beýik Ýeňşe özüniň saldamly goşantlaryny goşdular.

Watanyň eziz ogul-gyzlary şonda biziň geljegimiz üçin şirin-janlaryny gurban etmedik bolsalar, bu günki beýik Garaşsyzlygymyza ýetip bilmezdik. Uruşda wepat bolanlaryň hemmesine türkmen döwletiniň gahrymanlary diýen at dakyldy. Hiç kim unudylmaýar, hiç zat ýatdan çykarylmaýar. Gahrymanlar ölmeýärler. Watan üçin gurban bolan gerçekleriň ýagty ýadygärlikleri ýüreklerde ýaşaýar. Watan goran gerçeklere baky şöhrat bolsun !!!

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir