Hormatly Prezidentimiz: “ Ösüş ýoly bilen näçe öňe gitdigimizçe, bilim ulgamynda özgertmeleri şonça-da çalt dowam etmelidigine göz ýetirýäris” diýip belleýär. Mähriban ýurt Baştutanymyz umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, şeýle-de, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak meselelerini çözmäge uly üns berýär. Şu meselä abraý bilen hötde gelmekde jemgyýetçilik guramalarynyň bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmegiň täze tapgyryny amala aşyrmaga giňden gatnaşmagynyň zerurlygynyň has aýdyň ýüze çykýandygyny nygtaýar. Sanly tehnologiýanyň artykmaçlygy, ähli döwlet maksatnamalaryna we giň möçberli ykdysady taslamalara, mähriban ýurt Baştutanymyzyň durmuş-medeni syýasatyna ornaşdyrylan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýdyň beýanyny tapýar.

Gahryman Prezidentimiz sanly we öýjükli hyzmatlaryň ählumumy elýeterliliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýdy. Şonuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Maksatnamasy” täze hilde-welaýatlaryň we alysdaky sebitleriň ykdysady ösüşiniň kuwwatly hereketlendirijisi boljak sanlaşdyrmak derejesinde dowam eder.

Tehnologiýa, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir