ÖZÜNDEN



Mähnet bilen mal jem eden mäkäm baý,

Owwal haýryň bolsa, gönder özüňden!

Ýygyp, zekat bermänleriň haly waý,

Taňla garny dolar tamug közünden.



Namut galdyň, ger şeýtana ýol berseň,

Şeýtan boýnun üzdüň pire gol berseň,

Yhlas bilen Alla üçin mal berseň,

Sansyz sowap bolup barar yzyndan.



Öwladyna abyraýly gün üçin,

Ýigit eşret terkin eýlär ten üçin,

Halal-haram mal ýygarlar zen üçin,

Ölseň, kany imdad ogul-gyzyňdan.



Niçeler bar – haýyr islär, şer tapar,

Niçeler bar – gum diýp garbar, zer tapar,

Birew bardyr – ýaman eýlär, ýer tapar,

Birew – haýyr görmez beren duzundan.



Ýigit ölse, hatyn galsa, är tapdy,

Ogul-gyz elinde malyň ýer tapdy,

Zekatsyz mal magşar güni mar tapdy,

Ýyrak düşdüň ýaradanyň gözünden.



Dirilikde özi berse elinden,

Habar tutan ýaradanyň ýolundan,

Haýyr tapar mal biýr eken malyndan,

Ol hem ýagşy ýat etseler yzyndan.



Ýygnadyň, ýygşyrdyň, mal-u pul boldy,

Haýryn görmän öldüň, üç zen dul boldy,

Ýygnan ýygynçagyň bary kül boldy,

«Görümsiz, gysyk» at galdy özüňden.



Saglygyňda el barmasa, bermäge,

Gyýmasalar galanlar gol germäge,

Magtymguly aýdar, azap görmäge,

Kyýamat garasy gitmez gözüňden.



PAŞ EDER SENI



Içki syryň aýtma her bir namarda,

Syryň ile ýaýyp, paş eder seni!

Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,

Malyňdan aýyryp, aç eder seni!



Sam-sam adam bilen oturma, turma,

Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,

Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,

Barsaň, depesine täç eder seni!



Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,

Jemalyny bir görmäge zar bolsa,

Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,

Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.



Sopular ýaňylyp aýtmaz senany,

Säher tursaň, geçgeý barça günäni,

Aýtmawer gybat söz, etme zynany,

Dowzahyň oduna duş eder seni!



Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,

Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,

Huda berse sagadatly bir perzent,

Garrygan çagyňda ýaş eder seni!

Edebiýat, Umman tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir