Bu günüm şatlykly hemem gaýgyly,
Çünki tamamlaýan mekdep ýyllary,
Unutmaryn deň-duş doganlarymy,
Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Bu gün men uçurym göge uçaryn,
Ele alyp durmuşymyň açaryn,
Nesip bolsa oň gapysyn açaryn,
Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Bir-birinden Mährem Mugallymlary,
Unutmaryn ömür baky Olary.
Unutmaryn bagtly geçen her güni,
Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Hemra edip bilim atly zerleri,
Ylym atly bahasy ýok dürleri,
Toplaryn gündizi hem daňdanlary
Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Umman

(Uçurym jigiler üçin)

Edebiýat, Umman tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir