Seniň bilen nurlanýady bu dünýäm,
Senden aldy mätäç kalbym teselli,
Saňa duşan günim giňedi dünýäm,
Ýaşaýyşa höwesim has köpeldi.
Söýüp seni has dogrusy gaýbana,
Daşdan synlap jemalyňa guwandym,
Hyýalymda, seni özümki saýyp,
Gijelerne düýşler bilen oýandym.
Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy,
Agras asman bolsa, agras ýaňagyň,
Şeýdip mende yşk ataşyn otlatdy,
Käte, agy gurşap dolup damagym,
Güýç alyp söýgümden, möwç alyp söýüp,
Ine, şeýdip aýlar-günler aýlandy,
Geçdi günler agyr lybasyn geýip,
Geçen günlem geljegimden saýlandy,
Söýmediň sen, goý söýmeseň, söýme sen
Söýerin, men seni gaýbana çensiz,
Bolşum belki saňa duýulyandyr geň,
Düşün gülüm, düşün meniň halyma,
Bu dünýäde ýaşaýyş ýokdur sensiz.
Duýdansyz inderdiň, derdiň dagyny,
Eştmez bolsa, bu habary gulagum,
Solduransyň meniň söýgi bagymy.
Söndi, şugalsa saçýan nurly çyragym.
Saňa sawçy gelejeklermiş ezizim,
Diýen gürrüň bütün oba ýaýrady,
Gep açsalar gülüm seniň bara-da,
Ýürek ynanmady, seni oýlady.
Günler gelip hakykatda öwrüldip,
Sähediň bellendi, bellendi toýuň,
Sygdyryp bilmedim muny oýuma,
Ine, maňa ölüm habary deýin,
Çakylyk gelmezmi seniň toýuňa.
Goňşulaň, joralaň bary bagtyýar,
Kimse, tans oýnaýar, kimsäň wagty hoş,
Boş göwrä öwrüldim, galman ygtyýar,
Indi sen hakyky el ýeterden daş.
Toý ulaglaň at-gulagyn galgadyp,
Geçip gitdi şowhun bilen tassadyp,
Ykbalymy, zaryn dünýäm agladyp,
Bütün göwräm sandyrady, ysgynsyz,
Bu durmuşda, betbagta öwrülip,
Hem öwrülip, ýalňyz galan ynsana,
Göýä gursakdaky ýürek sogrulyp,
Döndüm boşap, galan janlysyz ynsana.
Aýlar ýyllar bolup, günler aý bolup,
Geçdi agyr leşger basyp gerdenden,
Sen özgäniň ýary bolan bolsaňam,
Sen özgäniň gujagyna dolsaňam,
Adyň gaýtalaýar, içimdäki ses,
Unudyp bilmedim, unutjak boldym,
Gaýta bu ahwala boldym lapykeç.
Penjireden nazar taşlap otyrkam,
Kaklyşdy göreçlem, seniň roýuňa,
Seni, pynhan, penjireden synladym,
Başyňdaky gyzyl-ýaşyl öwüsýän,
Has owadan görkezýärdi gyňajyň.
Saňa gelin bolmak diýseň düşüpdir,
Has owadan görkezip dur görküňi,
Men seni henizem, henizem söýýän.
Özgä baglan bolsaňam sen örküňi.
Seň adyňy gursagymda saklaryn,
Saklaryn men ömür baky kalbymda,
Gitsem-de men agaç münbere münüp,
Hyýalymda, senli ýeten bagtymy,
Gulplap, saklaryn men ýürek töründe,
Gelip gulak salsaň hem-de diňşirseň,
Adyň tutup gaýtalaryn görümde.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir