Ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoluna we ýazuw çeşmelerine ser salanyňda, türkmenleriň hem-de beýleki halklaryň wagt bilen baglanşykly döreden ölçeg birliklerine gabat gelmek bolýar.

Türkmenler gadym zamanlarda dürli sözler bilen wagty aňladypdyrlar, ýöne bu aňlatmalar takyk bolmandyr: irki şapakda, daň atanda, daň saz berende, daň agaranda, ir säherde, irden, Gün doganda, guşlyk, günortan, öýlänlik, ikindi, Gün ýaşanda, ilkagşam, agşamara, gije, ýary gije ýa-da ýarym salkyn, bir salkyn, bir salym, bir sellem, bir pursat, hemişe, käwagt, kämahal, pille, käpille we ş.m.

Ata-babalarmyz bu wagt birlikleri Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň hereketlerine we görnüşine görä kesgitläpdirler. Ýyl pasyllaryny tebigatyň howa ýagdaýyna, haýwanlaryň we mör-möjekleriň hereketlerine, daşky keşplerine görä hem bilipdirler. Howanyň temperaturasynyň we gündiziň uzalmagyny we gysgalmagyny ýyldyzlaryň kömegi bilen kesgitläpdirler. Asmanda dogýan (görünýän) ýyldyzlara görä howanyň ýagdaýyny we ekinlerin ýetişenligini bilipdirler we ata-babalarmyz bu barada nakyllaryň üsti bilen görkezipdirler:

“Ýokarda Ülker, telpegin selker.
Jana-jan ýarym gelmäge gorkar.”

Bu nakyla görä, haçan-da Ülker ýyldyzy doganda köp ýagyş ýagýandygy we arpa bişip ýygyma taýýardygy bellenilýär.

Bu wagt birlikleri nesilde-nesile geçip, häzirki döwürde hem ulanylyp gelinýär. Bu biziň ata-babalarmyzdan galan uly mirasymyzdyr. Ony gorap saklap, nesilden-nesile ýetirmek biziň borjumyzdyr.

Bilim, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir