Her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde giňden bellenilip geçilýän ajaýyp seneleriň biridir. Bu sene ýurdumyzda hem uly şatlyk-şagalaňa, belent dabaralara beslenýär. Sebäbi göz-guwanjymyz, ýagty ertirlerimiz bolan çagalaryň baýramçylygy her bir türkmen maşgalasy, her bir ata-ene üçin aýratyn şatlykly gündür. Halkymyzda köp çagalylyk döwletlilik, ýaşaýşyň bezegi, manysy hasap edilýär. Çagalar, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiz çaga terbiýesi barada: “Ösüp gelýän ýaş nesil meselelerine örän ýokary derejede üns berýän Türkmenistan bu meselede Birleşen Milletler Guramasy bilen örän işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Biz onuň iň uly bölümleriniň biri bolan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen has-da gowy hyzmatdaşlyk edýäris. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 1994-nji ýylda BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy. Şondan bäri dünýä jemgyýetçiligi öz üstümize alan borçlarymyza wepalydygymyzy görüp gelýär” diýip belleýär. Maşgala jemgyýetde esasy orny eýeleýär. Başda belläp geçişimiz ýaly, çaga terbiýesinde hem ilkinji orun maşgala degişlidir.

Şonuň üçin maşgalanyň abatlygy döwlet tarapyndan goralýar. Täze maşgala guran ýaşlara öý edinmek üçin köp ýeňillikler berilýär. Çaga doglanda, soňra hem bellenilen möhlete çenli döwlet tarapyndan kömek pullary berilýär. Olaryň möçberi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Çagalar yzygiderli lukmançylyk gözegçiliginden geçirilip, mugt bejergi alýarlar. Ýaş çagaly enä çaga seretmek rugsady berilýär. Köp çagaly enelere döwletimiz tarapyndan “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar. Sekiz we ondan hem köp çagaly maşgalalara ýörite amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary sowgat berilýär.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir