Salam hemmanize,

Bir agzanyn hayishy boyuncha, Amerikada okuw okamak barada yazayin diydim. Bu tema gaty uzyn bolanson, bolumlere bolup yazjak. Soraglara jogap berip bilerin eger kommentda yazsanyz, yone eyyam jogaby yazylan bolsa, gaytalap durjak dal. Blogy tazeden okayin.

Amerika nadip okuwa girip bolyar? Priglasheniyany nadip almaly?
Amerika obychno okuwa girjek bolsan, kolejler senin inlische bilyanligine goz yetiresi gelyar, shonun ucin kop kolejler shu dokumentleri sorarlar:

1. Kolejin anketasy - doldurylan, kolejin website-inde tapyp bolyar.
2. Bankdan hat, bankynda in azyndan $21,000 bar diyip gorkezilen. Original Turkmen ya Rus dilinde we Inlischa terjime edilen kopiyasy.
3. TOEFL test bahalaryn, in sonky 2-3 yilin ichinde alynan TOEFL test.
4. Passport kopiyan.
5. Inlischa terjime edilen Mekdep Attestatyn kopiyasy. Uchilishe ya universitet okan bolsanyz, olarynam Diplomlarynyn kopiyasyny iberin.

TOEFL testsiz hem kabir kolejler kabul edyarler. Yone olar sen Amerika gelenson senden Inlis Dili testini alyarlarda, bilim derejane gora seni Inlis Dili kursuna okuwa bashladyarlar.

Ine kolejden priglasheniya almagyn yoly:
Birinjilik bilen kolejin website-ine girip kolej barada okap gorun, chunki kolejin website-inde INTERNATIONAL STUDENTS diyilyan boluminda hemme informasiya yazylyar, nahili dokument gerekligem yazylyar. Bashga name soragynyz bar bolsa "Contact Us" yagny "Bizin bilen habarlashyn" diyilen yerdaki emaile hat yazyn. Inlische gowy edip yazmagyn hokman dal, umumy yalnyshyrak inlische yazsanam sana jogap bererler. Adynyzy yazyn, haysy yurtdanlygynyzy yazyn, name okasynyz gelyanliginizi yazyn we anketany iberayin, men anketanyzy doldurjak diyip yazyn we hokman haysy dokumentler gerek diyip soran. Kolej sizin emailinize jogap yazar we size anketa iberer. Anketany dolduryanyz, gerekli dokumentleri toplayanyz (bank hat, pasport kopiya, mekdep attestat, gerekli bolsa TOEFL bahalarynyz) we shol dokumentleri skanirovat edip shol kolejin emailine iberyaniz. Kabir kolej sizin original bank hatynyzy islemegi mumkin, pochtadan bizin adrese iberin diyerler, onson olara barayincha yene 1-2 ay gerek, shonun ucin onuraginden bashlan bu ishlere.

Kolej sizin iberen dokumentleriniz bilen kanagatlansa, 1-2 hepdanin ichinde sizin oy adresinize priglasheniye (priglasheniyanyn ady I-20) ugradarlar, sebabi Amerikanskiy Posolstva original priglasheniya isleyar, kopiyasyny kabul edenok. Amerikadaky kolej size hachan I-20 priglasheniya iberse, shol wagtdan son 1 ya 1.5 ayin ichinde sizin priglasheniyanyz oy adresinize geler. I-20 Priglasheniya 2 ay garashyn, gelmese, yene koleje email yazyn, I-20 priglasheniyany almadym diyip. Aram-aram pochta jan edip gorun, sebabi Turkmenistanyn pochtasy kan gowy islanok, onson ozun alyp gaytmalam bolyan, esasanam oba yerlerinde. Anketada dine oz adresinizi yazyn, sebabi I-20 priglashniyanyn yuzunde sizin oz hakyky yashayan adresiniz bolmaly.

Eger oba yerlerde yashayan bolsanyz we pochta gowy ishlemeyan bolsa, koleje meselem shuny aydyp bilyaniz:"Menin oy adresim Dostluk Kochesi, dom 12, Sakarchage oba, Mary velayat 740400, yone pochtany bashga adrese Magtymguly koche, dom 43, Ashgabat 740000 ugradyn, sebabi Maryda pochta gowy ishlanok, Ashgabatda chalt alaryn, yone anketada Mary Sakarchage adresimi yazayin."

Shey diyip koleje dushundirseniz, kolej islaninizi edyar, bu yol esasanam dashyrak oba yerlerde yashayan adamlar ucin gaty udobniy bolyar.

Yene-de birzat, kabir kolejler anketa ucin pul alyarlar, administration fee - oplata za administrativniye razhody. Olam $50-den bashlayar $150-a chenli, koleje bagly. Ol oplatany online tolap bilersiniz, eger viza kartdan tolap bilmeseniz, dashary yurtda yashayan tanyshlarynyzdan hayish etseniz, komek ederler. Juda bolmasa yene koleje email yazyp bilyaniz:"Men sizin administrativ toleginizi online tolap bilemok, men size Western Union-dan ibersem bolyarmy?" diyip soran. Kop kolejler Western Union toleglerinem kabul edyarler.

Birden kolej sizden TOEFL test bahalarynyzy islese, siz TOEFL testi yilda 1-2 gezek Ashgabatda alyp bilyaniz bildigimche (American Corner yada American Embassy jan edip test nirde we hachan gechirilyanligi barada sorap bilersiniz ya-da shu yerde gorun https://www.toefl.givemesomeenglish.com/toefl-testing-dates-and-locations/toefl-testing-dates-and-locations-by-country-letter-t/turkmenistan-toefl-testing-dates-and-locations/).

Eger Ashgabatda TOEFL gechirilmeyan bolsa, onda gonshy yurtlara gidip alyp bilyaniz testi, yagny Hindistan, Uzbekistan, Kazakstan, Turkiye, Orsyet, hemme yerde gechirilyar TOEFL test. TOEFL website girip, haysy yurtda gechirilyanini we hachan gechirilyanini gorup bilersiniz we zayavka iberip bilersiniz.

Indi aydaly, siz TOEFL testsiz okuwchy kabul edyan kolej tapdynyz diyeli, olara hemme isleyan dokumentlerini iberdiniz diyeli, indem 1-2 aylap original I-20 priglasheniya garashyanyz diyeli. Indiki etmeli ishiniz name? Indi siz shol priglasheniya garashyp otyrkanyz, oyde inlische okan we praktika edin we Amerikan Posolstva ucin gerekli dokumentleri toplap bashlan. Sebabi ol dokumentlerem 1 ay alyar toplanayincha.

Umumy Amerika gitmegi plan etseniz, 6 ay ya 1 yil onunden aladasyny edip bashlasanyz ozunize ansat bolar. Shonun ucin onunden hachan gidesiniz gelyanini pikirlenip ugruna chykyp bashlan.

Indiki blogym, nadip kolej saylamak barada bolar.

Bilim, Saryk Gozeli tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir