–Kömek etmeli diýýärsiňmi, dost? –Ýok-Ýok! kömek etjek bolmaly däl! sen ýüregiň bilen kömek etdigiňçe, saňa hökmany etmeli zadyň hökmünde düşünerler! A sen bolsa iň soňky etmedik kömegiň üçin gep-gürrüňli bolup galarsyň. –Ýok-Ýok janyňy ýakma biderek, etme kömegem, sen başda ýigrenji boluber, seni şu bolşuň bilen kabul edip öwrenişerler! Iň ýakyn dostuňa kömek etmek diýýärsiňmi?! Edesiň gelýän bolsa el kömegini ediber, men muňa garşy däl, ýöne pul kömegi diýlen bir zat bar, ine, şu barada pikirlengin! Köp mukdarda berme pul, geçip biljegiňi ber! Bolmasa iň ýakyn, iň syrdaş dostuň duşmana öwrüljegine men kepil geçýärin!
Bu aýdýanlarymy saňa we seniň sadalygyňa seredip aýdýaryn! Aslynda depesinde ganly gylyjyňy aýlap duran Ägirt güýçli biri bolsaň diýmezdimem, sebäbi adamlarda gorkanyňy sylamak diýlen bir häsiýet bar, ýöne bu maslahat hut saňa degişli, peýdaňy pikirlenmän hiç kime kömek etme!

Sorag-jogap, Yeser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir