Aýdyşyk

Gelin:
Öten-geçenden wehm eýle,
Gözleme, oglan, gözleme;
Şirin janyňa rehm eýle,
Gözleme, oglan, gözleme.

Ýigit:
Men bu sözlere bakmaryn,
Gözlärin,gelin, gözlärin;
Hiç bir kimseden gorkmaryn,
Gözlärin, gelin, gözlärin.

Gelin:
Meň bilen bolmasyn işiň,
Sadapdan paç alar dişim,
Ganyňy döker gardaşym,
Gözleme, oglan, gözleme.

Ýigit:
Seniň bilen bardyr işim,
Gözlärin, gelin, gözlärin.
Sadapdan paç alar dişiň,
Gözlärin, gelin, gözlärin.

Gelin:
Belent daglaryň gary sen,
Asaldan-zatdan ary sen,
Bisyrat ýüzüň gurysyn,
Gözleme, oglan, gözleme.

Ýigit:
Aşyk magşugyna gelmez,
Gelse-de oýnaýyp gülmez,
Çyn aşykda haýa bolmaz,
Gözlärin, gelin, gözlärin.

Gelin:
Gaşym jellat, gözüm ýagy,
Ýüregimde goýduň dagy,
Ak ýüzden öpüş al dagy,
Gözleme, oglan, gözleme.

Ýigit:
Saba bolar goňşyň ýatmaz,
Söwer myradyna ýetmez,
Öpüş bilen bir iş bitmez,
Gözlärin, gelin, gözlärin.

Gelin:
Sallanyp gelgin oýnuma,
Goluňy salgyn boýnuma,
Bolmasa gel, gir goýnuma,
Gözleme, oglaň, gözleme.

Mätäji diýr, ýagty gije,
Inçe biliň guça-guça,
Armanym ýok tä ölinçä,
Gözlärin, gelin, gözlärin.



Annagylyç Mätäji

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir