Ýurdymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzda ýylyň-ýylyna güýzlük bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär.
Uly iliň soltany hasaplanylýan bugdaý türkmen halkynyň mukaddes baýlygydyr, saçaklarymyzyň mele-myssyk çöregidir. Ak bugdaýyň Watany bolan eziz Diýarymyzda gadymyýetden bäri bugdaý ekilip gelnipdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bugdaýyň ekilýän meýdany, öndürilýän mukdary has-da artdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ekişden başlap, hasyl ýetişdirmekde, ýygnamakda ulanylýan tehnikalar bilen üpjünçilik düýpli gowulandy. Gallaçy daýhanlar tehniki hyzmatlar, dökünler, suw, haşal otlaryň, bugdaýyň tebigy zyýankeşleriniň garşysyna ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Kärendeçileriň döwlete tabşyran bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar bökdençsiz amala aşyrylýar. Güýzlük bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdiren gallaçy kärendeçiler halal zähmeti bilen baýaýarlar, gurplanýarlar.
Ine, şeýdip döwletimizde çörek önümleriniň bolçulygy döredilýär, Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyz bugdaý önümleri bilen diňe özüni bolelin üpjün edýän döwlet hökmünde däl, gallany daşary ýurtlara eksport edýän döwlet hökmünde-de tanalýar.
2019-njy ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça 760 müň gektar ýere güýzlük bugdaýy ekip, 1 million 600 müň tonna däne hasylyny almak meýilleşdirildi. Häzir edermen gallaçylar güýzlük bugdaýyň ekişini guramaçylykly we gyzgalaňly alyp barýarlar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir