Garadyr gaşlary misli ýaý kimin,
Ugrunda sergezdan asman hem zemin.
Näçe gözleseňde tapmarsyň kemin,
Bir kemsiz gözeldir Türkmen gyzlary.

Edepli, ekramly, mylaýym, sada,
Näzli bakyşlary bilen atarlar oda.
Ýaryna ýürekden beräýse wada,
Wadasynda durar Türkmen gyzlary.

Awtory: Nepes Begenjow
IMO: +993 64 07 90 98

Edebiýat, Oylanmalar Ummany tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir