Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Toýlary-toýa ulaşýan Türkmenistan diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň 1-nji mejlisi geçirildi. Oňa paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halk wekilleri gatnaşdy. Bu geçirilen taryhy maslahatda hormatly Prezidentimiz il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli birnäçe resminamalara gol çekdi. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan beýläk has-da gülläp ösmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirer. Halk maslahatynda kabul edilen resminamalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hem gyzgyn goldanyldy.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir