Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik ýüpek ýoly, Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ähli taraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berýär. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýilip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Bütin dünýäde meşhur bolan “Beýik Ýüpek ýoly” adynyň gelip çykyşy barada Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza sowgat beren “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda gymmatly maglumatlary bermek bilen: “Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr. Baryp orta asyrlarda wenesiýaly täjir, geograf, jahankeşde Marko Polo bu ýola “Ýüpek ýoly” diýen ady berýär” diýip belleýär. Şol bir wagtyň özünde bu adalgany häzirki zaman diline girizen şahsyýetiň nemes alymy, geolog, geograf we syýahatçy, geomorfologiýanyň esasyny goýan Ferdinand Paul Wilgelm fon Rihtgofendigini nygtaýar. Beýik ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ýewropany we Aziýany kesip geçip, Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, ol gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygy üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden hem geçipdir.
Şol wagtlardan şaýat galan ençeme taryhy ýadygärlikleriň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy ýadygärlikleriň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärligiň merjenleri- Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Gözleg işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriniň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy, medeniýeti şeýle-de özara medenitäsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär. Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam beripdir. Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs we Nusaý ösen söwda we haryt dolanyşygy boýunça ösen şäherleriň hatarynda ýatlanypdyr. Iri şäherlerde bazarlar söwdanyň we senetçiligiň merkezleri bolup, olaryň içinde dokmaçylyk has giňden ýaýran önümçilik bolupdyr. Dokma önümleri ýüňden, kendirden, pagtadan we ýüpekden dokalypdyr. Merwde, Abywertde, Nusaýda dokalan matalar özüniň nepislegi bilen belli bolupdyr.
Türkeminstanyň orta asyr şäherleri diňe bir haryt dolanyşygyna, söwdanyň ösmegine däl, eýsem milli däp-dessurlaryň, alnyp barylýan işleriň we dürli ugurlaryň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirpdir. Orta Aziýanyň, Orta Gündogaryň we Ýewropanyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde Horezmiň merkezi şäheri bolan Ürgenç uly ähmiýete eýe bolupdyr. Arap çeşmelerinde harytly kerwenleriň Bulgardan Horezme we yzyna hemişe gatnawda bolandyklary baradaky maglumatlar bar.
Häzirki zaman Türkmenistan gadymy Beýik ýüpek ýoluny täze häzirki zaman görnüşinde, ýagny transmilli awtoulag demirýol we gazgeçirijileriň görnüşinde dikeldýär. Bu ýollar hakykatdan hem Beýik ýolunyň ugurlary bilen gabat gelip, olar daşary ykdysady gatnaşyklary, yklymda tranzit daşalyşlary giňeltmek, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer.

Edebiýat, kitaphanachy tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir