Söýýän bolsak " Söýýän" diýeliň.


Kä ynsanlar öz ýalňyzlyklaryna çydaman ýalňyzlyklaryny derman tapmak üçin ynsanlary ulanýalar. Söýýän adamyň rolyny oýnaýarlar. Bizem muňa ynanyp söýgidir öýtýäs, we olaryň oýunlaryna ynanyp uýýas, ýalňyzlyklary gutaran wagty ýa-da başga ynandyrjak ynsany tapan wagtlary bizden gitýärler. Bizem şeýdip ýeke galýas onsoň käsiniň içinde ýigrenç, käsinde ar almak, kä ynsanyň bolsa söýgisi ýitýär guraýar. Mysal üçin bir zenan maşgalany alalyň, näme zenan diýlen gaty ynanjaň bolýara, köplerem mundan peýdalanýar., We ony diňeje wagtlaýyn gürleşip soňra bolsa bahanalar bilen aýra düşýärler. Şeýlelik-de ýaňy zenan maşgalanyň ynamy ýykylýar, we gorkuda bolýar. Köplenç içini gürledip" Näme üçin menden gitdikä" ýa-da" näme ýa bir zady halamadymyka" ýa bolmasa"Näme ýeterlik söýgimi duýmadymyka" bu diňe söýip soňra bolsa alaçsyz içine salýanyň iç gürletmesi. Aslyn-da iki ynsan biri-birini söýen-de bahanany ýeňip geçerler. Ýöne näme bir söz bara"Söýýän-e çäre, söýmeýäne bahana" tapylar diýýär. Ýöne aýralyk ýokarda belleýşim ýaly herkimde bir yz goýýar. Käbirlerinde ar alyş diýdik muň soňam elbetde biwepalyga eltýär.Onsaň şeýdibem söýgi diýlen zady guratýas. Beýle ýagdaý adamzadyň psihalogiýasynada täsirini ýetirýär. Oňa gahar edip köplenç gaharlylyk ýa-da stress ýaly kesellerem ýüze çykaryp bilýär. Şeýlelikde durmuşda oýunjak söýgi köpelýär. Köp bolsa mundan görelde alýarlar. Goý diňe ýüregimizdäkini aýdalyň. Söýýän bolsak söýýän diýeliň.

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir