Örän syrdam, salyhatly ýörände,
Köýnegi gök, ak bolmaly ýüzleri.
Iňrikden soň gije ýere garanda,
Öpdüm onuň gije gaçan gözlerin.

Gündizler sünnäläp suratyn çekdim,
Gijeler düýşümde janlandy surat.
Sakgal-murtum syryp, şähere çykdym,
Bar gözlegim boldy şol syrdam syrat.

Sökdüm ýakyn-yrak ençeme ýoly,
Ahyr şol gözele gözlerim düşdi.
Ol bolsa, hiç zada düşmeýän ýaly,
Öz pikiri bilen duşumdan geçdi.

Men gygyrjak boldum onuň yzyndan,
«Düşün ahyr, düşün seni gözleýän.
Oýlan meniň düýşüme-de giripdiň,»
Diýip, dil däl, ýürek bilen sözleýän.

Geçip gitdi şowurdadyp köýnegin,
Gözi gara, köýnegi-de gök eken.
Şu gözeldi meniň ähli gözlegim,
Ýöne gözel meni gözlänok eken.

Edebiýat, Babaniyazow J tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir