Sen şeýle mâhriban
Sen şeýle eziz
Wasbyñy sözlârden sözlerim ejiz
Beýle muhabbeti beýle duýgyny
Görmândim bilmândim duýmandym heniz

Yşgyñdan meýmiräp gansadym çensiz
Bir sekundam ýaşap bilmerin Sensiz
Diýýârler "Hiç bir gül tikensiz bolmaz "
Sen bütin barlykda dörân bir kemsiz

Eý Söýgili!
Gül göwnimi nagyşla
Uçmah içre roýuñ maña bagyşla
Sensizlikde henize çen ser-sepil
Gezipdirin.Indi meni bagyşla

Arzuwum umydym armanym Sende
Men bir dertli bende
Dermanym Sende
Kabul et wepaly guluñ bolaýyn
Gapyllykda gurap galmaýyn tümde

Derdim duýup biljek ýeketâk lukman
Diñe Sensiñ "Ýa Züljelal wel-Ikram ".

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir