Ýaş şahyr, yoga agzanyň aýdanlaryna goşulmak bilen, siziň pikir geçirmekde gowşakdygyňyzy aýdasym gelýär. Siziň goşgyňyzy okap, şol pikirleri ekspromt görnüşinde goşga geçirdim. Bu pikirlerin ählisi size degişli, şonuň üçin indi goşgy ýazmak hyýalyňyzda bolsa öz goşgyňyz bilen şu goşgyny deňäp, öz ýalňyşlyklaryňyzy düzedip bilersiňiz.

Hasratly dünýäme kimseler gelip,
Kimseler ýazgytsyz tiz geçip gitdi.
Şol ýakyn gardaşlam ýadyma siňip,
Ýyl-ýyldan ýadymdan tiz öçüp gitdi.

Gol berer, dost bolar, çyn ýüzün gizlär,
Ok-ýaýyny çekip, ýüregňe çenär,
Erkek deý dogulyp, är bolmadyk är
Beren wadasyndan tiz göçüp gitdi.

Asylsyzlar gözlär işiň aňsadyn,
Bilmän ýaşaýyşyň gadyr-gymmatyn.
Arzan baha berip alan harydyn,
Ýetilmez bahadan tiz satyp gitdi.

Ýedi ýyl aglady ýardan aýrylan,
Biperwaý bilmedi ýarynyň gadryn.
Sabrym bile baglap, baky garaşdym,
Garaşdym... yşk ody tiz öçüp gitdi.

Şahyr aýdar şygyrlaryň soňy ýok,
Pany dünýäň hasraty bar, howy ýok.
Hak dostumyň gadryn ýerde goýamok,
Ömrümi aş dostlam tiz ýakyp gitdi.

Edebiýat, marokka tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir