Derwüş:
– Sen kim? - diýipdir. Ol:
- Men derwezeban.
- Senden ýokarda kim bar?
- Garawulbaşy.
- Ondan ýokarda kim bar?
- Serkerdebaşy.
- Ondan ýokarda kim bar?
- Wezirlerbaşy.
- Ondan ýokarda kim bar?
- Hökümdar.
- Hökümdardan beýik kim bar?
- Hudaý.
- Hudaýdan beýik kim bar?
- Hiç zat.
- Ana, men-dä şol hiç zat-da – diýip, derwüş jogap beripdir.

Çeşme:Rahmet Gylyjow

Täzelikler, Buz ýaly Koka kola tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir