Şu ýylky Çempionlar ligasynyň jogap oýnunda Ýuwentus Real Madride jogapsyz 3 gol urmagy meýilleýär. Massimilliano Alegriniň düzen ≪A≫ meýilnamasy görä 3 gol urulmalydy. Meýilnama 96% başada bardy. Emma 100% däl. Madrid ýagdaýdan çykdy, 1 gol urdy, Ýuwentusyň ≪A≫ meýilnamasyny pozdy. We Real ýeňdi. Sebäbi Ýuwentusda ≪B≫ meýilnama ýokdy. Massimilano Alegri interwýusynda:“Biz oýuna 3 gol urmaly we gol geçirtmeli däl diýen niýet bilen geldik. Bizde 3 goldan soňy barada hiç hilli meýilnama ýokdy. Bar pikirimiz şol jogapsyz urulmaly 3 goldy” diýip belleýär.
Durmuşda hemişe ≪A≫ meýilnamasy hem başa baryberenok. Hemişe päsgelçiliklere taýýar bolmaly. Eger ≪A≫ bolmasa ≪B≫ diýip meýilleşdirmeli. Ähli zatda hem ≪B≫ meýilnama düzülse gowy. Okuw jaýy meýilleşdireniňde, kär-hünär saýlanyňda, hat-da ömür ýoldaşy saýlanyňda hem kämil ≪B≫ meýilnamasy düzülmeli.
Ikinji meýilnamany düzen adam ikinjini düzmedige garanyňda ahmyr, arman etmesi 80% pes bolýar. Sebäbi “A meýilnamam başa barmany bilen hem B başa bardy” diýeniň “Niýetim başa barmady we boşa galdym” diýeniňden has gowy.
Kä halatlarda başa-baran ≪B≫ meýilnamalar amala aşmadyk≪A≫ meýilnamalary unutdyrýandyr.

Ýazan: ilOglyGaradaşly

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir