Türkmen halky saglygy baş baýlygy hasaplap,”Saglygym-baş baýlygym” diýen atalar sözüni döredipdir. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar.Adamzat nesli döräli bäri saglyk,sagdyn ýaşaýyş meseleleri ynsanlaryň üns merkezinde bolupdyr.Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradakymeselä türkmen halky örän eserdeň garapdyr.Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklylaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgesini ylmy esasda ösdürip,biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan durmuş kada-ka-nunlary bar.Ol ýörelgeleri has-da kämilleşdirmäge,ösdürmäge uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda alyp barýan “Saglyk maksatnamasy” esasynda halkyň saglygy barada döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.Ol işleriň netijesi, hal-kyň saglygyna,bagtly ýaşaýşyna getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güniniň baýramy uly dabara bilen ähmiýetli çäreler arkaly bellenilip geçilýär.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak boýunça dünýä ülňelerine laýyk gelýän ösen innowasion enjamlar bilen üpjün edilen saglyk öýleriniň,şypahanalarynyň açylyp ulany-lmaga berilmegi halkyň saglygy üçin edilýän aladalaryň aýdyň şaýadadyr.Mundan baş-gada “Neşe serişdeleri we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda”, ”Çilim çekmegi,nas atmagy gadagan etmek hakynda” resminamalaryň kabul edilmegi we herekete girizilmegi hem il saglygy üçin edilen netijeli işleriň has ygtybarlysydyr.
Türkmen halky nesil saglygy barada aladany çaganyň ene garnynda wagty edip başlaýar.Ata-babalarymyzyň bu saglyk ýörelgeleri biziň günlerimizde has-da kämilleşdirilip,döwlet syýasatynda ilkinji hatarda goýulýar.Durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň ýaşaýyş durmuş taýdan goraglylygy we olara döwlet tarapyndan edilýän hemaýatlar muňa mysaldyr.”Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde eneligi we çagalygy goramak,keselleriň öňüni almak,maşgala lukmançylygy,saglyk ätiýäçlandyryl-masynyň girizilmegi,ilata edilýän saglyk hyzmatlarynyň dünýä üňlelerine laýyklygy nesil-ynsan saglygy üçin edilýän işleriň esasy taraplarydyr.
Mundan başgada sporta,bedenterbiýä uly üns berilmegi,ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň gutlup ulanylmaga berilmegi buýsançlydyr.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadamyzyň adam saglygy üçin gerek bolan 3-binýadyň:1-ruhy,2-fiziki,3-maddy görnüşleriniň mizemez sütünleriniň berkligini üpjün etmekde alyp barýan daşary we içeri syýasatlarynyň ,Döwlet maksatnamalarynyň rowaç bolmagy üçin il saglygy-ýurt baýlygy diýen şygarynyň belentden ýaňlanmagy saglygyň kepilidir.

“Bägül”

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir