Dokuz onlugy tegelän bagşy, sazanda hem şahyr Nurmuhammet Garlyýewiň ömür ýoly hakynda oýlananyňda, şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň:
«Adam bahar bolup inýär jahana,
Soňra tomus bolup taplanýar kem-kem...»
diýen setirleri biygtyýar seriňe dolýar.
Ömrüň manysy... Ynsan balasy dünýä inen gününden onuň ömür ýoly, ömür kitabynyň sahypalary ýazylyp başlanýar. Soň-soňlar belli bir menzile baryp, geçilen ýola ser salanyňda, il içinde abraý alyp, ornuň tördedigine göz ýeti-reniňden soňra, eden işleriňe halkyň berýän bahasyna guwanarsyň. «Il gözi—terezi» diýýändir halkymyz.
Hawa, ömür kitabynyň sahypalaryna sungata bagyşlanan ýyllaryny ýazan, il arasynda «Küti bagşy» adyny alan Nurmuhammet aga-da tebigy zehinli adamlaryň biri. Bereket etrabynyň Esenşer diýen obasynda önüp- -ösen Nurmuhammet heniz 6-7 ýaşlaryndaka şirwan perdeden çykýan owaza imrinýär. Nurmuhammediň atasy Gaýybynyň, dädesi Garlynyň golundan dutar düşmändir. Şeýlelikde, ýaňy aga-gara düşünip ugranynda, dutar çalmaga başlaýar.
1939-njy ýylda Bereket etrabynda demir ýol kluby açylýar. Soltan Atanepesowyň ýolbaşçylygynda aýdym-saz gurnagy döredilýär. Nurmuhammediň agasy Aman hem şol gurnaga gatnap başlaýar. Nurmuhammedem agasynyň yzyna düşüp gidip, penjireden olara berilýän sapagy synlar eken. Sapak gutarandan soňra, saman saklanýan kümede oturyp dutar çalmagy, perde basylyşyny, kakylyşyny... - ähli gören zatlaryny özbaşdak gaýtalar eken. Ozalam öýlerinde, obalarynda, toý-tomaşada atasydyr dädesiniň aýdym-saz edişlerini synlaýan Nurmuhammet bu sungatyň inçe tilsimlerini basym ele alyp başlaýar. Ol dördünji synpda okaýarka, bagşy Aşyrmämmet Dawudow bilen bilelikde, ilkinji gezek halk köpçüliginiň öňünde çykyş edýär. Şondan soňra-da ol halypa bagşy Soltan Atanepesowdan sapak alyp başlaýar.
Guýmagursak bagşy şeýde-şeýde, aýdym-sazyň inçe tilsimlerini ele alyp, zähmet ýoluna 1945-nji ýylda Türkmenbaşy şäherinde welaýat sungat edarasynyň bagşylar toparynda başlaýar. Ençeme ýyllap dutarçylar toparyna ýolbaşçylyk edýär. Balkanabat şäherindäki telestudiýanyň edebi we sazly bölüminde režissýor wezipesinde işleýän döwri halk sazlarynyň rowaýaty esasynda «Aýralyk mukamy» we «Gyzylinjik» diýen oýunlary sahnalaşdyrýar. Halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapan oýunlar ony döredijilikde has-da kämilleşmäge ruhlandyrýar. Soňra «Göýendäniň kyssasy» atly dessany ýazyp, 30-dan gowrak goşgyny özünde jemleýän dessanyň sözlerine saz döredýär. Zehinli bagşy hem sazanda «Dertli gelin», «Ykbalym», «Özgertme», «Ýadygär», «Gül mukamy», «Özbaşdak gyryk» ýaly ençeme sazlary döredýär.
Aýdym-sazyň uly mekdebini geçen Nurmuhammet Garlyýew türkmeniň meşhur sazandalary Mylly Täçmyradow, Çary Täçmämmedow, Han Akyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew ýaly talapkär ussatlaryň synagyndan geçýär. Şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sarman Hudaýberdiýew, Akmämmet Nurmämmedow, dessançy bagşy Atda Goşaýew, gyjakçy Hydyr Meretnyýazow dagy bilen gatnaşykda bolýar. Häzirki wagtda Nurmuhammet aganyň ençeme aýdym-sazlary Türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanýar. Teleradioýaýlymlarda aýdym-sazlary ýaňlanýar. Indi halypa bagşynyň ýetişdiren şägirtleri halypalyga ýetdi. Olar welaýatymyzyň dürli künjeklerinde halypa ýoluny dowam etdirýärler. Bagtyýar maşgalasynda on bir çagany terbiýeläp ýetişdiren halypa bagşynyň ogul-gyzlarynyň hersi bir hünäriň eýesi.
Golaýda Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa bagşynyň 90 ýaşynyň toý dabarasy bellenilip geçildi. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurmuhammet aga bu günki günde özüni has-da bagtly saýýar. Şahandaz bagşynyň kalbynda durmuşa, sungata söýgi joş urýar.
- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri meni aýdym-saza has-da ruhlandyrýar, ylhamyma ylham goşýar. Döredijilik bilen iş salşyp, şeýle bagtyýar döwri belentden wasp etmezlik mümkin däl. 90 ýyllyk ýaş toýumyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilip geçilmegi başymy göge ýetirdi - diýip, Nurmuhammet aga ýüreginden syzdyryp aýdýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir