Maña söýýân diýme janym 
Duýaýyn señ gözleriñden 
Bagyşlasañ bahar ýazyñ 
Gyşyñ özgâ dözmerin men 
Maña söýýân diýme janym 
Gizle ony gursagyñda 
Bagş et maña yşgyñ jamyn 
Gaýnap dursun gursagymda 
Hakdan gelen pâk sòýgini 
Gorap başar il gözinden 
Duýaýyn gizlin duýgyñy 
Her halyñdan her söziñden 
Beýle kân nâz etme janym 
Saña sadalyk ýaraşýar 
Ýör gideli mâhribanym 
Bagt ýoly bize garaşýar 
"Seni çensiz söýýârin men "
Diýip düýşde güýme janym 
Aýtmasañam bilýârin men 
Maña söýýân diýme janym 
Amannazarow Gerceknazar.
garayolly68 7 years ago- Aşyk öz söýgilisiniň muhabbetine laýyk ynam bilen garaýar we özüne bolan yhlasyny gözden-dilden goramagy sargaýar