《Söýgi oýlanmasy》
《Arman bolup galan söýgúm》

Güýz günidi ýapraklar saralyp ýere gaçýadylar. Men bolsa ýete bilmedik arman bolup galan söýgüm ýadyma düşýär. Güýz howasy şeýle gowydy, ýöne bir tarapdanam geçen ajaýyp günlerimi ýada salýardy. Her şemäl öwsüp ýüzüme uranda maňa ol ajaýyp günleri ýatladýady. Ah meniň arman bolup ýetip nesip etmedik söýgüm. Käşkä wagty yzyna dolap bolsady, ýöne ondada ýazylmadyk bolsa näme etjek

Dyza çöküp Allahymdan dilänim
Ýete bilmän galdym ýürek islänim
Çüýräp galdy gursagymda beslänim Mydam ýalňyzlykda goýan Durmuş sen

Her gün ýatlasamam men ony biziň ýolymyz indi birleşip bilmezdi. Onnada ilki söýeniň ýatdan çykmaýarda. Geçen günlere ser salsam süýji günleri geçiripdik. Men Läle bilen ýokary okuw jaýynda tanşypdyk her gün diýen ýaly men ony öýlerine çenli ugratýadym. Ol bolsa
---Indi gaýdaý yzyňa oglan doganlam göräýmesin. Men bolsa bolýa diýip sagbollaşyp gaýtýadym.

Arzuw etýän durmuş gursak biz bile
Gürrüň bolup çolanmaly biz dile
Gelnim bolup gelseň biziň öýmize
Şol bagtly güne ýetsek söýgülüm

Içimden goşgymy aýtsamam. Men entäk Lälä öz söýgümi aýdyp bilemokdym. Her gezek indi aýdaryn diýýänemde ýene utanyp aýdyp bilemokdym. Näçe bad alsamam ony görüp eräýädim diýjek sözlerim zym zyýat bolýady. Bir günem ol okuwa gelmedi. Men ony görjek bolup köçeoerinden kän gatnadym. Läle bile aramyz daş däldi. Olaryň ýaşaýan obasynyň aňyrky obasyndada biz ýaşaýadyk. Ertesi Läle bilen gaýdyp barýadyk.
---salam Läle
---Salam Kakajan
---Dün näme okuwa gelmediňle mugallymdan soramanam birhili gördüm
---Howwa galmaly boldum
---Näme boldy saglykmy
---Howwa saglykla
----Läle men saňa birzat aýtjakdym
---Wii Kakajan menem saňa hoş habarym bar
----Onda ilki sen aýt Läle seniň begenjiň meň begenjim.
---Aýtsam Kakajan maňa düýn Ýalyk daňdylar. Nesip bolsa indiki aý toý sen gowy görüşýän krusdaşym bolansoň hem syrymy aýdamsoň saňa da aýdaýyn diýdim. Meniň üssümden gaýnan suw dökülen ýaly bolly näme diýjegimi bilmän. Bagtly bol Läle begendim maňlaýyň bolsun diýdim. Meniň indi gürlänimiň haýry ýokdy.
Ah meniň arman bolup galan söýgüm


Howlyñyzda ulydan toy bolup dur
yat yerlere gelin bolup gidyarsin
gozumdaki yaslam yere akyp dur
yat yerlere gelin bolup gidyarsin


Gūnorta çagynda atbaşşyñ geldi
seni alyp yola rowana boldy
Aşygyñ yzyñda seredip galdy
ýat ýerlere gelin bolup gidýarsin


Awtory:Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir