《Durmuş sen》

Ençe ençe arzuwlarym köýdiren
Aýagymdan badak atan durmuş sen
Belent başym öz öñüñde egdiren
Zalymlygyñ öñūn çeken durmuş sen


Ýūrek arzuwymyñ pel pellän wagty
Ýumryldy ýaşlygmyñ synmajak tagty
Hany meñ ömrümiñ arzuwlan bagty
umytlarym weýran eden durmuş sen


Dyza çökūp ýalbaryplar dilänim
Ýete bilmän galdym ýūrek islänim
çūýrap galdy gursagymda beslänim
Mydam ýalñyzlykda goýan durmuş sen


Ähli zadym meniñ elimden aldyñ
meniñ halyma sen nähili dõzdūñ
beýle sen nähili dözūmli bolduñ
Gözýaşlar içinde goýan durmuş sen


Eý Allam şumydyr meniñ ýazgydym
Köseme Jan Allam diýip ýalbardym
Gözlerme ýaş aýlap goşgymy ýazdym
Hasratlar içinde goýan durmuş sen

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir