Olaryñ gapdalynda duran yerine kerasyn dokulip, ys yayradyp duran cyra bardy. Cyrasuyshañ dowulen morunyñ ornuna galyñ kagyzdan mor edilip goyulupdyr. Kagyzyñam oda gyzan yeri gara koyuk bolupdyr. Peciñ ashaky, ojaga yakyn yeridaki tekjaniñ ustunde shol dowurdaki iñ yorgunli,il icinde atlandyrylyshy yaly, ,,Gawun kagyz" cayynyñ bir eyyamler boshan gutysy yatyrdy. Onuñ gapdalynda iñ pes ,,Sary kagyz" cay gutysy durdy. Ikisem 50- gramlyk kagyz gutyjykdy. Agzy yemirlen ojagyñ ustunde oturdylan uc gozli coyun plitañ bir gozune oñaysyz demirden gapak bejerlipdir.
Ojagyñ icindaki uyshup yatan shemme ajap gidipdir.
Orta yazygly duran sacak bu yakynda yygnalmandyr. Usti buhanka coreginiñ mayda ownugyndan dos-doludy.
Torde adamboyy aynaly shfanyer durdy.Gopan bolmaga cemeli: Jalay molla onuñ biryan gapagyny diwara soyap goyupdyr.
Shfanyeriñ gapdalyndaky demir kerebat suynup yatyrdy. Onuñ ustundaki kirli odealyñ bir ceti yere sallanyp, beyleki yany duyrulup durdy.
Geyim gysdyrmak ucin diwaryñ yuzune bir hatar yogyn-yogyn yylgyn tayak kakylypdyr. ,,Cuy kakanda nadyarka bu zaññar" diyip,Bally husyt icini gepletdi.
Gazyklaryñ gapdalynda her gun bir listi yyrtylyp ayrylyan kalendar asylyp goyulupdyr. Ol dekabryñ ahyryny gorkezyardi. Hazir bolsa, yazyñ ici.
---Beylede bir yalta bolar eken-ow. Atasy pahyr gayratly, minetkesh adamdy. Bu zaññar onuñ ozun-a dal, basyp giden yzyna-da meñzemandir. Enesi pahyram zadyny arassa saklayan ayaldy- diyip, Bally husyt seslenenini bilman galdy.
Bir zamandan soñ Jalay molla ejesinden galan bir tay kone yuñ joraby tutach edinip, gaynan tuñce bilen iceri girdi. Iki ceynegi caykap, shemmesini ojagyñ icine serpdi.
Ceynegi demlap, ortada goydy.
Soñra diwarda asygly duran horjundan bir buhanka corek alyp, kecañ teyindaki cañ basan pycak bilen maydalady.
--- Suyja gutaran eken- diyp,oy eyesi ahmyr etdi.
---Zyyany yok. Oycilik bu. Gysynma- diyip,Bally husyt cayyny gaytarmaga bashlady.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir