Birnäçe ýyl mundan ozal bir ýerde maslahatçylyk ugry boýunça zähmet çekýärdim. Otagymda bir kitap tekjesi bardy we köp bolmasa-da ýeterlik mukdarda rus we türk dillerinde “şahsy kämilleşme” mowzugyna degişli kitaplar bardy. Birgün öz dost gurşawymdan 1-2 oglan gelip meniň şol kitaplarymy ýaňsa alyp başladylar.. “Şu kitaplaryň peýda berýänine dogrudanam ynanýaňmy, maňa ýaman boş zatlar bolup görünýär, sen näme tapýaň şularda” ýaly sözler bilen daşyma geçip wahahaýlaşyp gülüşdiler. Elbetde men olara käbir jogaplar ýetirjek boldum, emma olaryň diňlemek niýetinde däldiklerini bilip ol pikirimden el çekdim. Azajyk gaharym geldi ýöne dostlarymyň göwünlerine degip bilmedim we kynlyk bilen saklandym. Soň ýene 1-2 sagat gürrüňleşip oturdyk we ol mowzuk ýatdan çykyp gitdi, hoşamaýlyk bilen ugratdym ol myhmanlarymy..

Ol myhmanlardan soň agşama çenli mende belki 3-4 sany çäre boldy; bir sadaka gatnaşdym, bir işewür bilen nahar iýdim we bir garyndaşyma salamlaşmaga baryp gaýtdym. Ondan soň ulagly öýe gaýtdym, agşam öýe geldim. Çagalarym bilen azajygam bolsa wagt geçirdim, çaý-nahar edindim. Agşam sagat 23:00 töwerek boldy; öýde hemmeler süýji uka gitdi. Ýöne näme üçindir mende bir negatiw dartgynlyk bardy, sebäbini bilip bilemokdym. Bu dartgynlygy günboýy duýup gelýärdim we bu ýagdaý meni bimaza edip geldi ýöne näme üçindigini anyklap bilmedim. Bu ýagdaýda uka gidip bilmejegimem görnüp durdy.

Soň kellä bir pikir geldi we irdenden başlap başdan geçiren wakalarymy ýeke-ýekeden hakydama getirip meni dartýan şol sebäbi gözläp başladym. Ahyrsoňy tapdym; görüp otursam hälki ýakyn dostlarymyň kitaplarym barada ýaňsa alyjy sözler sarpetmegi meni ýaralapdyr. Şol duşuşykdan soňky ençeme sagatlarymy keýpsiz geçirmegime sebäp bolupdyr.

Sebäbini tapypdym, indi ol sebäp bilen göreşmegiň ýoluny saýlamalydym. Esasy kyn zat anyklamak, onda-da dogry anyklamakdy, anyklaňsoň çäre edil oňa garaňda aňsadrakdy meň pikirimçe..

Näme etmeli? Ol dostlarym bilen gatnaşygy gowşatmalymy diýip soradym özüme.. Muňa ýüregim razy bolmady, sebäbi olar meniň gözümde gaty ähmiýetli adamlardy, olar bilen kän ajy-süýji ýatlamalarym bolupdy we kyn günümde arkaýyn arkalanyp biljegim wepaly dostlarymdy.

Onda näme etmeli? Kitaplary okamagy taşlamalymy? Oňa-da razy bolmady içimden bir ses.. Ol kitaplardan edil men-ä ýyllarboýy peýdalanyp gelýän; beýlekileriň peýdalanyp bilmeýändikleri meni näme üçin baglasyn?! Ol kitaplary dogry we gerekli hasaplaýardym. Elbetde aralarynda boşraklary bardy, emma hemmesini ýok etmek dogry bir hereket bolmazdy..

Onda näme etmeli? Tapan çäräm şeýleräkdi; ol dostlarymyň edil şol kitaplara degişli pikirlerine blok goýmak.. Şeýdip ýüregim giňän ýaly bolup süýji uka gitdim..

Aradan 1-2 aý wagt geçdi we ol dostlarym ýene bir sebäp bilen işime geldi; olara güler-ýüz görkezdim, hödür-kerem etdim, gülüşip-degişip oturdyk birsellem.. Soň gürrüň ýene aýlanyp-dolanyp şol meň tekjede duran kitaplaryma geldi. Olaryň biri “henizem şol boş kitaplaryňy goltuklap ýörmüň” diýse beýlekisi wahahaýlap gülüp göýberdi. Olaryň gülküsine menem güldüm; özümi ýaňsa alyjy sözler sarp etdim, degişdim, soňundan bile gülüşdik.. Azajyk geň görjek boldular elbetde, emma men özlerinden beter bolup özüm baradaky prikollara goşulýardym. Soň gürrüňimiziň ugry ýene üýtgedi, başga-başga zatlara geçip gitdi. Ahyrsoňy olary ugratdym..

Içimi diňläp gördüm.. Ruhuma diň salyp gördüm.. Gynançdan, dartgynlylykdan nam-nyşan ýokdy..

Ne kitaplarymdan daşlaşypdym ne-de dostlarymdan.. Oňa derek maňa ýakyn bolan kitaplarym baradaky ýakyn dostlarymyň pikirlerini bloklapdym..

Plan amala aşypdy..

Özümize ýakyn adamlarymyzyň bize berýän zyýanlaryny çäklendirip bilsek, olar bilen gatnaşykda bolmagyň kän zyýany bolmaz meň pikirimçe..
-----
Surat: https://dotjpg.co/10U2K9h.jpg
Çeşme: konssultant

Sorag-jogap, Yeser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir