Sheylelikde, terssiyalar sekunda, sekuntlar minuda, minutlar sagada, sagatlar sutga, sutgslar hepda, hepdeler aya, aylar yyla, yyllar mucha owrulup, Jalay molla 30 yashady. Onuñ ene-atasyndan jyda dushenine 5 yyl doldy. Shol gecen bash yylyñ icinde ol atasyndan galan mallaryñ ucden iki bolegini yele sowurdy. Indi onuñ gapysynda 12 sygyr,60-a yakyn dowar, 40-50- cemesi towugy galypdy. Atasynyñ yetishdiren miweli agaclary, idegi yetman, gurap galypdy. Durli-dumen ekin ekilyan yasy-yayman,kolce-kolce atyzlary, ekin ekilman,ot basyp yatyrdy.
Jalay molla galan mallaryny yylyna iki janly berip, Alty mollañ ogluna bakdyryardy. Ozuniñ ishi yatmak boldy. Gunduz ite kolege bermedi, gijelerine bolsa ,,rahat yeri tapyar" diyip,pishifiniñ ornuny eyeledi.
Ine,bu gun welesipetini shakyrdadyp, garajurjene oglanjyk gunortana yakyn gelip,ony oyatdy. Salam berdi.
---Jalay molla aga, hazir gunortan Sopy aganyñ sadakasy bar. Shoña aydanym-diyip,ol oz ugruna gitdi.
---Zaññar Begeyik sopy,hayyr-sogap ucin olup yatyrsyñ. Sadaka diyip,adamlaryñ ukysyny bozduryañ. Hali gunortanam bolman eken. Attorba yaly sakalyñ gurasyn seniñ-diyip, Jalay molla yerinden turdy. Gerilip,sozulup, geyimlerini geyindi. Gapysyna tayak dirap,sadaka ugrady.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir