«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, bu günki gün ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş barlyşyksyz alnyp barylýar. Şu ýörelgeleri eýermek bilen, Türkmenistan 2011-nji ýylyň martynda ilkinjileriniň biri bolup Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady. 2012-nji ýylyň başynda bolsa Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyna» gol çekdi. Çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça 26 çäräni öz içine alýan Meýilnama üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy.
Çilimkeşlige garşy göreşi işjeňleşdirmek we güýçlendirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Çilimkeşlige garşy göreş boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülen çäreler BSGG-niň hünärmenleri hem-de bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Şu ugurda geçirilýän işleriň netijeliligini kesgitlemek maksady bilen, BSGG-niň bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda degişli gözegçilik (monitoring) işleri döwürleýin amala aşyrylýar. 2013-nji ýylda TSG we DS ministrligi bilen bilelikde BSGG-sy tarapyndan geçirlen durmuş sowal-jogaplaryň netijeleri boýunça Türkmenistanda çilim çekýänleriň sanynyň ýurduň umumy ilatynyň 8,3 göterimine çenli azalandygy anyklandy. Bu bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda iň pes görkezijidir. Bu çäreler ildeşlerimiziň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, temmäkä garşy göreşmek, ilat arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny ardyrmak üçin niýetlenendir. Bu alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolsa 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek bolup durýar. Bu hem gelejekde Türkmenistanda çilim çekýänleriň sanynyň ýurduň umumy ilatynyň 5 göteriminden hem az boljakdygyny aňladýar.

Lukman: Orazow Mert Kerimowiç

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir