1. Dinimiziń mukaddes kitaby bolan Kurany Kerim, Alla Tagala tarapyndan Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama Remezan aýynda iberilmäge başlapdyr. Bu hakykat Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär: "Remezan aýy, ynsanlara ýol görkeziji we dogrylygyń hem-de dogrylygy egrilikden aýyrmagyń anyk delilleri hökmünde Kuranyń inderilen aýydyr."
2. Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama pygamberlik wezipesi hem bu aýda berlipdir. Jebraýyl perişde Pygamberimize ilkinji Kuran aýatlaryny getirmesiniń yzysüre onuń Allanyń resulydygyny (ilçisidigini), özüniń bolsa Alla Tagalanyń periişdelerinden Jebraýyldygyny beýan edipdir.
3. Kurany Kerimde müń aýdan has haýyrlydygy bildirilýän Gadyr gijesi hem bu aýyń içindedir. Bu barada Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: “Еlbеtdе Biz оnу (Gurhanу) gаdуr gijеsindе indirdik. (Еý Мuhаmmеt) gаdуr gijеsiniň nämеdigini sen nirеdеn biljek! Gаdуr gijеsi müň аýdаn has hayyrlydyr.” Şonuń üçin hem Remezan aýynyń bu gijesi musulmanlara bagşedilen uly pursatdyr.
4. Yslamyń bäş şertinden biri bolan we ynsany nebsiniń aşa arzuwlaryndan şeýle hem maddy hyrslaryndan gorap beýgelden oraza ybadaty hem bu aýa mahsus edilipdir. Remezan gijelerinde musulmanlaryń jemagat bolup okaýan tarawa namazy-da bu aýa degişli bir ybadatdyr.

Täzelikler, Ashykaydynpir tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir