Biziň hususy habarçymyz Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sportuň dzýudo görnüşi boýunça tälimçisi Hydyrow Atajan bilen söhbetdeş boldy.
Bu günki günde, ýurdumyzyň alyp barýan parahat söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny dünýä jemgyýetçiligi goldaýar. Ýagny häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 150-den gowrak döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, hyzmatdaşlygyň gerimi günsaýyn giňeýar. Türkmenistan iri halkara guramalar bilen gatnaşyklara aýratyn üns berip, umumy adamzat bähbitli meseleleriň çözgüdine mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdymyzyň Bitaraplyk statusynyň BMG tarapyndan 2 gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi we dünýäniň 56 sany döwletiniň bu rezolýysiýa awtordaş bolup çykyş etmegi türkmen halky üçin guwandyrjy we buýsandyryjy wakadyr.
Ýurdymyz soňky döwürler iri halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrülip, şu ýylyň maý aýynda ýurdymyza gelen Russiýanyň Welosiped sporty federesiýasynyň Prezidenti bütindünýä belli türgen Wýaçeslaw Ýekimowyň Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha bermeginiň we 2019-njy ýylda ýurdymyzda Wlesiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi teklip etmeginiň özboluşly manysy bardyr. Dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmak üçin röwşen geljegi nazarlaýan Watanmyzda hakykatdan hem welosiped sportyny ösdürmeklige aýratyn üns berlip, welosipedli ýörişler geçirilýän sport çäreleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregidir” ýylynda taryhda bu ýoluň ýurdymyzyň çäginden geçen ugrunda welosipedli ýörişiň guralmagy bolsa sportuň bu görnüşiniň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.
Welosiped-iň bir howpsuz transport serişdesi bolup, welosiped sürmegiň adamyň saglygy we ekologiýanyň arassalygy üçin uly ähmiýeti bardyr. Şol sebäpli soňky döwürler welosipedden transport serişdesi we gezim etmek üçin peýdalanýanlaryň sany görnükli artdy. Muňa ir säher bilen we agşamara köçelere çykanyňda, Awaza MSZ-nyň çägine baranyňda göz ýetirmek bolýar. Awazadaky myhmanhanalaryň ählisinde müşderiler üçin niýetlenen welosipedlere islegleriň ulydygyny, welosipedleri dürli ýaşdaky myhmanlaryň arassa howada gezim etmek üçin giňden peýdalanýandyklaryny myhmanhanalaryň işgärleri nygtaýar. Şonuň ýalyda welosiped satyn almaga islegiň artandygyny telekeçiler hem belleýär.
2018-nji ýylyň iýunynda Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek bellenilip geçilýär. Gojaman Hazaryň kenarynda hem bu gün halkara baýramçylyk giňden bellenilip geçildi. Ýagny ir säher bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli ýöriş aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlardan we sport söýüjilerden ybarat 1000-lerçe welosipedçiler Awazanyň giň köçeleriniň ugrunda ekologiýa taýdan arassa howada ýöriş etdiler. Soňra olar Türkmenbaşy şäheriniň Bahry-Hazar köçesiniň ugrunda täze gurlyp ulanylmaga berlen Halkara deňiz portuna çenli 10-larça kilometri welosipedli geçdiler. Şonuň ýaly-da bu gün welosiped ýaryşlary guralyp, ýeňijilere guramaçylar tarapyndan dürli görnüşli gymmatbaha sowgatlar, hormat hatlar gowşuryldy. Baýramçylyk çäre çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçip, görkezme sport çykyşlary, belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň sesi oňa gatnaşyjylaryň keýpini has hem göterdi. Men hem şu günki dabara gatnaşdym. Welosipedli ýöriş ruhyňy göterip, şähdiňi açýar. Pursatdan peýdalanyp ähli türkmen halkymy Bütindünýä welosiped güni bilen gutlaýaryn we öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn goldanýan Watanmyza mundan beýläk hem gülläp ösüşler, ýurdymyzda diňe parahatçylygyň, bagtlylygyň höküm sürmegini arzuw edýärin.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir