ASYL BAKSAM BAGTLY ÝALY



Maňa söýgüden doýan diýme,
Etme pikiri hyýaly.
Ene mährinden doýmadym men
Ýar mährinden doýar ýaly.

Durmuş maňa zalym bolma,
Bolma söýgä gazaply.
Ajylardan doýulýar tiz,
Goýma ýolum azaply.

Hiç men saňa gargynmandym,
"Käbäm" diýip ýüzlenemde.
Tonna - tonna ejir çekýän,
Dost diýýänim ýüz gelende.

Sapak bolsun ykbalyma,
"Ýar" jemalyň köýen ýüzü.
Ýanmaklykdan kän agladym
Gelen ýaly öýl:äň ýüzü.

Beýle - beýle zatlar bilen,
Ýaşap ýörün ýer ýüzünde.
...Asyl baksam bagtly ýaly,
Özgeleriň ýat sözünde.




☆AHALLY

Edebiýat, AHALLY tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir