Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryny başynyň täji saýýar. Şolaryň hatarynda ene-mamalarymyzyň yhlas paýhasyndan, mähir-muhabbetinden dörän haly önümçiligi asyrlar dowamynda nesilden-nesle geçip her eýýamda öz döwründen gürrüň berýän nagyşlar bilen baýlaşyp, deňi-taýy bolmadyk ajaýyp sungata öwrülip barýar. Ol özüniň ajaýyplygy hem-de inçe senetliligi bilen dünýä ýüzüne bellidir. Türkmen halysy halkymyzyň köňül arzuwlaryny, hal-ahwalyny, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini inçe çeperçilik bilen beýgeldýän milli gymmatlygymyzdyr. Taryhyň ýeňişli hem pajygaly pursatlaryna şaýat bolan bu milli sungatyň mertebesi Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe has belende galdy.
Hormatly Prezidentimiz “Janly rowaýat” atly kitabynda ençeme asyrlaryň dowamynda emele gelen şeýle ajaýyp sungaty döredenleriň türkmen zenanlarydygyna, öz ene-mamalarymyzdygyna bagtyýar halkymyzyň tüýs ýürekden buýsanmaga hakynyň bardygyny belleýär.
Arassa ýüňden dokalýandygy üçin türkmen halysynyň bejerijilik häsiýeti hem bar. Türkmen halysynda nazaryňy egleýän, ýüregiňe rahatlyk, göwnüňe ýakym berýän täsin bir gudrat bar.
Özüniň döreýşi, sungatynyň inçeligi, nagyşlarynyň taryhy açylmadyk syrlary bilen dünýäde şöhratlanýan türkmen halysy hakyndaky rowaýatlar hem dilden-dile geçip, biziň şu günlerimize hem gelip ýetipdir.
Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň baýramy uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Bu baýrama sowgatly gelen halyçy gelin-gyzlarymyz haly sungatyna uly sarpa goýup, ony mukaddeslige ýetiren hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny dokaýan halylarynyň her bir çitimine siňdirip beýan edýärler.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir