kitaptm.com saýtynda "Ýaşyl Ýaprak" toparynyň ýygyndy kitaplary hem-de hyzmatlary hödürlenýär.

Biziň "Ýaşyl Ýaprak" toparymyz tarapyndan, resmi telekeçilik işimiziň görnüşine laýyklykda şu aşakdaky hyzmatlary Size hödürleýäris:

1. Biznes Planlary, ýagny iş meýilnamalary, önümçilik taslamalary, önümiň özüne düşýän gymmatyny hem-de maýa goýum taslamalary düzmek.

2. Ýörite orta hem-de Ýokary okuw jaýynda okaýan talyplara dürli temalardan referatlary, özbaşdak işleri, prezentasiýalary hem-de ýyllyk işleriň meýilnamalaryny düzip bermek.

3. Orta mekdepde okaýan okuwçylar üçin düzmeleri, temalaryna baglylykda prezentasiýalary hem-de olar boýunça wideo şekilleri taýýarlap bermek.

4. Dürli formatdaky elektron kitaplary saýtymyzyň agzalarynyň islegi boýunça saýtymyza ýerleşdirmek hem-de olary sargyt boýunça eýelerine gowşurmak.

5. Saýtymyzyň agzalarynyň sargydy boýunça täze kabul edilen hem-de ozaldan bar bolup häzirki wagtda hereket edýän kanunlary, kodeksleri, kararlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalary saýtymyza ýerleşdirmek.

6. pdf formatdaky kitaplary ýa-da pdf formatdaky haýsyda bolsa beýleki maglumatlary word, excel, powerpoint, jpg formatlaryna öwürip bermek.

Bellik:
Biznes Planlary ýagny, iş meýilnamalary ýa-da önümçilik taslamalary “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446-njy kararyna hem-de “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 85-nji kararyna laýyklykda düzülýär. Ýurdumyzyň hususyýetçilerini goldamak maksady bilen Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy netijesinde uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýokarda ady agzalýan kararlar boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde önümçilik taslamalary, ýeňillikli karz pul serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Ýeňillikli karz pul serişdeleri almagyň tertibine laýyklykda hususy tarap (ýagny hususy kärhana, hojalyk jemgyýeti, telekeçi, kärendeçi hem-de daýhan hojalyklary) özüniň maýa goýum önümçilik taslamasynyň 15% möçberini ýa-da hususy goşandyny tassyklaýan beýleki resminamalaryny hödürlän ýagdaýynda galan önümçilik taslamanyň 85% möçberini ýurdumyzyň banklary tarapyndan merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna hususyýetçileri goldamak maksady bilen ýeňillikli karz pul serişdeleri berilýär.

Önümçilik maksatly maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmeklige şu aşakdaky görnüşler degişlidir:

* Senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;

* Bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak;

* Infrastruktura obýektleriniň gurluşygyny goşmak bilen, gurluşygy ösdürmek;

* Gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek;

* Transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek;

* Serwis hyzmatlaryny we ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek;

* Saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek;

* Oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek;

* Öz oba hojalyk önümçiligiňi ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylýan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi-önümçiligi gurnamak, mallary, öý guşlary, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak;

* Halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek;

* Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, telekeçilik işiniň, şol sanda innowasiýa işiniň beýleki görnüşleri.

* Oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary, gurallary we abzallary hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak;

Biziň “Ýaşyl Ýaprak” toparymyz, önümçilik maksatly maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmekde öz goşandyny goşup, telekeçilere, hususy kärhanalara hem-de hojalyk jemgyýetlere bir näçe maýa goýum taslamalary düzip berdi. Olardan käbirleri:

* Ýyladyşhanany gurmak üçin gerek bolan enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;

* Diri görnüşinde iri we ownuk şahly mallary satyn almak boýunça;

* DSP önümçiligi üçin enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;

* Kerpiç önümçiligi üçin kerpiç öndürýän enjam satyn almak boýunça;

* Bezeg metal önümçiligi üçin çig mal hem-de enjam satyn almak boýunça;

* Polipropilen we polietilen çig mallaryndan öndürilýän, dünýä standartlaryna gabat gelýän harytlaryň önümçiligi üçin awtomatlaşdyrylan enjamlar toplumyny almak boýunça;

* Maldarçylyk fermasyny satyn almak boýunça;

* Oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, gök we miwe önümlerini gaplamak üçin gerek bolan enjamlary satyn almak boýunça;

* Unaş önümlerini öndürýän enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;

* Çaphana önümçiliginde zerur bolan çig mallary satyn almak boýunça;

* Oba hojalyk tehnikalary we gurallary satyn almak boýunça;

* Tikinçilik sehiniň iş gerimini giňeltmek üçin çig mal satyn almak boýunça;

* Süýji-köke önümlerini öndürmek üçin gerek bolan enjamlary satyn almak boýunça;

* Çüý önümleri öndürmek üçin enjamlary satyn almak boýunça;

* Mebel önümçiliginde zerur bolan çig mallary satyn almak boýunça;

* Dokma önümlerini öndürýän enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;

* Hajathana hem-de aşhana kagyzyny öndürýän enjamlary satyn almak boýunça;

Saýtymyzyň agzalary hem-de myhmanlary, araňyzda telekeçilik işi bilen meşgullanýanyňyz bar bolsa, öz önümçiligiňizi hem-de hyzmatyňyzy giňeldip bilersiňiz, biz hem Siziň durmuşa geçirjek taslamalaryňyza ýakyndan ýardam bereris. Eger-de şu ýazylanlar boýunça hem-de saýtymyza degişli soraglaryňyz bar bolsa biz bilen Habarlaş bölüminden ýa-da kitaptm@gmail.com elektron salgymyzyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Täzelikler, Batyrb tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir