Sada yigit ynanypdy ,,dost" diyip,
Bilman ynam-ygtykatyñ cagini.
,,Dost" diyilyan bet niyete has uyup,
Duzun iyip, azdyrypdy gabini.

Onuñ mashgalasyn alyp nazara,
Gozlerini carhlap, ogryn bakyardy.
( Galam titireyar yzyn yazara,)
Bolshy gelne gunbe-gunden yakyardy.

...Gyzgyn posalaryñ haram lezzeti
Ikisiniñ ygtyyaryn alypdy.
Ishikde duranyñ koñul ezyeti
Ynamyn yer bilen yegsan kylypdy.

Wejera gornushe gahar gaynady,
Go:mlaryñ icinde urdy kuregi.
Ashhana pycagy elde oynady,
Ildirdi ujuna iki yuregi.

,,Bar-diyyarler-herki ishiñ alajy",
Bu soz dusher daryganlañ yadyna.
Obañ cetindaki igde agajy
Hem gulac yup yetdi onuñ ,,dadyna".

Sada yigit arman bilen gitmedi,
Yumulgydy dideleri-gabagy.
Namys onuñ abrayyn dikledi,
Yykyp-yumrup ,,ahmyr"atly gabawy.

Gara Yolly

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir