Mälim bolşy ýaly, “Amul ― Hazar 2018” halkara ralli ýaryşynyň guramaçylyk işleri "Africa Ecorace" fransuz kompaniýasy bilen birlikde alnyp barylýar. Düýn bu kompaniýanyň wekilleri deňiz ýoly bilen Türkmenistana geldiler. Fransiýadan sport ulagynda ýola düşen myhmanlaryň maksady şol ulag bilen “Amul ― Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçjek ýoluny barlagdan geçirmek. Bu gezekki saparyň maksady barada, kompaniýanyň wekili, Pariž Dakar rallisiniň ýç gezek çempiony, halkara ralli ýaryşlarynyň belli guramaçysy Rene Metge şeýle gürrüň berdi:

― Türkmenistan taryhynda ilkinji gezek özbaşdak halkara awtoralli ýaryşyny geçirýär. Bu ýaryşy guwanç bilen bellemelidir. Men Türkmenistanyň bu ýaryşy abraýly bilen geçirip, awtoralli ýaryşlarynyň taryhynda mynasyp orun tutjakdygyna ynanýaryn.

Biz Türkmenistana öz ýörite ulagymyz bilen geldik. Bu ajaýyp ýurtdaky ilkinji düşelgämiziň hut şu aýyň başynda açylyp, ulanylmaga berlen täze Halkara deňiz portunyň bolmagy indiki işlerimiziň hem üstünlikli geçjekdigini buşlaýar. Bilýäňizmi, port entek deňziň giňişliklerinden gelýärkäň, öz gözelligi bilen gözüňi gamaşdyrýar. Bu ägirt uly kenarýaka toplumda döwrebap mümkinçilikleriň ählisi göz öňünde tutulypdyr. Biz türkmen halkyny we Türkmenistanyň hormatly Prezidentini täze Halkara deňiz portunyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Biz Türkmenistana “Amul ― Hazar 2018” halkara awtorallisiniň guramaçylyk meseleleri bilen geldik. Biziň ilkinji işimiz ýaryşyň ýolunyň agramly böleginiň geçjek ýeri bolan Garagum çölüni öwrenmek bolar. Men bu çöl halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek üçin örän amatly ýer bolar diýip pikir edýärin. Bu çöl 2009-njy ýylda “Ýüpek ýoly” rallisinde hem synagdan geçdi. Bize bu gezek çöli öz gözümiz bilen görmek mümkinçiligi döredi. Ýoluň dowamynda kömekçi ulaglaryň gelip biläýjek, gije düşelge hökmünde ulanyljak ýerleri kesgitlemek ýaly maksatlarymyz hem.

Ýaryş sentýabr aýynda geçiriler. Wagt az, şeýle-de bolsa ähli işleri döwrebap talaplara laýyk edip bileris. Biz guramaçylyk işlerinden daşary Türkmenistanyň ýygyndy toparyny hem ýaryşa taýýarlamaga-da höwes bilen gatnaşarys.

Şeýle hem myhman eýýämden Türkmenistanda geçiriljek halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşmaga islegiň ýokarydygyny nygtady. Ilkinji ýüztutmalar şu aýyň ahyrynda internet ulgamy arkaly kabul edilip başlanar. Şol ýüztutmalardan soň ýaryşa näçe toparyň gatnaşdakdygyny anyk aýdyp bileris diýip, myhman gürrüň berdi.

Çeşme: turkmenportal.com

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir