“Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby okanyňda, akyl-paýhas, ylym-bilim derejäň, Watanyňa, taryhyňa, ata-babalaryňa bolan mukaddes duýgularyň belentlik düşünjesiniň çürbaşyna göterilýär.
Türkmenligimize buýsanç duýgusy bolsa eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Muňa kitapdaky türkmenleriň dowamly hökmürowanlygynyň hikmeti baradaky rowaýat aýdyň şaýatlyk edýär.
...Orta asyrlarda ençeme yklymlary özlerine boýun egdiren, baran ilinde agzybirligi, dost-doganlygy, gülläp ösüşi rowaçlandyran türkmenleriň ykbaly, taryhy ýoly arap halyflarynyň birini gyzyklandyrypdyr. Ol danyşment-ulamalary, dana wezirlerini jemläp: “Türkmenleriň dowamly hökmürowanlygynyň hikmeti nämede? Olar baran ýerinde derrew ornaşýar, ýerli halk bilen dessine dil tapyşýar. Edeni ugruna, isleg-arzuwy wysal bolýar. Ýürekleri şiriňki ýaly batyr, mydama ruhubelent... — bularyň syry nämede? Olar barada kimden nähili gürrüň eşiden bolsaňyz, ählisini jemläp getiriň, okaýyn, öwreneýin, düşüneýin” diýipdir. Weziriň baştutanlygynda alym-danyşmentler döwrüň iri-iri kitaphanalaryndan maglumat toplamaga girişýärler. Baş wezir dünýäniň habaryny ülkelere ýaýýan jahankeşde söwdagärlere, kyssaçy-rawylara öz bilýän maglumatlaryny halyfyň huzuryna ugratmagy tabşyrýar. Netijede, ýygnanan maglumatlar onlarça kitaby emele getirýär. Alymlar kut-kut kitaplaryň içinden maglumatlaryň takygyndan-takygyny saýlap, türkmenleriň artykmaçlygyny suratlandyrýan on sebäbi halyfyň dykgatyna ýetirmek üçin taýýarlapdyrlar. “Örän ajap iş etdiňiz. Şol on sebäbiň maňzyna düşünsem, onda men türkmenleriň tapawutly taraplaryna has aýdyň göz ýetirerin” diýip halyf alymlara hoşallyk bildiripdir. Soňra baş wezire garap: “Ýogsa-da, munça wagtlap bu ýazgylary senden gowy öwrenen başga biri ýok, hany, sen aýt, türkmenleriň beýle ykbally halk bolmagynyň syry, hikmeti nämede eken?” diýip sorapdyr. “Şöhraty beýik halyfymyz, onuň birnäçe sebäbi, anyk subutnamalary bar, emma ýekejesini ýatlasam hem ýeterlik bolar. Türkmenler aslynda ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk. Muny pygamberiň hadyslaram, taryhy kyssasy hem tassyklaýar. Ymmatyň ussat alymlary, ulamalary, hökümdarlary, serkerdeleri hem şolaryň neslinden çykar diýilýär. Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soňra, hökmürowan iň güýçli gerçekler hökmünde ýatlanylýar. Agzybirlige per berseler, ýeňmek, üstün çykmak, beýik bolmak olaryň ykbaly. Bu ýerde başga syr ýok” diýip, jogap beripdir...

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir