Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde we 12-nji maýynda sagat 14.00-da 2018 — 2019-njy okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlara hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan düýpli özgertmeleri, institutda taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.

Salgymyz: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Telefonlary 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.



Türkmen döwlet maliýe instituty 2018-nji ýylyň 21-nji aprelinde we 12-nji maýynda sagat 15.00-da orta mekdepleriň okuwçylary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda okuwlaryň guralyşy, medeni-köpçülik we sport çäreleriň geçirilişi, taýýarlanylýan hünärler, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat ş., 1987-nji köç., (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112. Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 49-63-09, 49-88-52.



Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde we 12-nji maýynda sagat 15.00-da orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylary, harby gullugy tamamlaýan esgerleri we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar institutda alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag, medeni-köpçülik, sport işleri, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanşyp bilerler. Bu çärä gatnaşýanlara talyplaryň oňat okamaklary we döwrebap ýaşamaklary üçin amatly şertler döredilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna, talyplar sport klubuna baryp görmäge mümkinçilik dörediler. Olar talyplaryň çeper höwesjeňler toparynyň çykyşyna hem tomaşa ederler.

Institutyň salgysy: Mary şäheri, Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlary: 800522-5-75-02, 800522-5-75-03.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir