“Mollagara” şypahanasynda häzirki wagtda ýylyň bütün dowamynda nerw we daýanç hereket ulgamynyň keselleri, bogun keselleri, poliartritleri, ostehondrozy, infeksion rewmoartritleri, guryagyry, distrofiki artritleri, bursellýoz artritleri, bil agyry, nerwitleri, polinewritleri, poliomielitleri, osteohondrozy, oňurga kesellerini, önelgesizlik we peşew-jyns organlarynyň keseller bejerilýär. Şypahanada bejergi häsiýetli laý, duzly suw wannasy, elektrikleşdirlen palçyk we yssy ýagtylyk bilen bejeriş gezekleşdirme usulynda yzygiderli ulanylýar. Palçyk bellibir derejede gyzdyrylyp, kada laýyk ulanylanda, diş etiniň sowuklamagynyň öňüni almak, ýüze düşýän ýakallary, örgünleri aýyrmak, tene näziklik bermek, sowuklama ýaly ençeme keselleri bejermekde özboluşly melhemdir. Näsaglara bejerginiň bir tapgyrynyň dowamynda palçyk bilen bejerişiň 9-10 emini we 9-10 gezek duzly suwly wanna emleri bellenilýär. Şypahanada tebigy bejergi derman serişdeler bilen utgaşdyrylanda bejerginiň netijeliligi hasda ýokary bolýar.
“Mollagara” şypahanasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Siemens”, Beýik Britaniýanyň “BTL”, Italiýanyň “Fazzini”, Slowakiýanyň “Mediprogres” öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen bejeriş –anyklaýyş bölümleri we otaglary bolup, öz işine ussat lukmanlaryň halkymyza ýokary derejeli hyzmat etmekleri üçin has oňaýly mümkinçilikler döredilen .
Şypahanada oňurga sütünine zeper ýeten näsaglary bejermäge niýetlenilen ýörite bölüm hereket edýär. Ol ýerde basseýinler, palçyk we duz bilen bejeriş otaglary, suwasty owkalamak arkaly bejergi, bedenterbiýe, rentgen, ultrases barlagy, kliniki we biohimki barlag otaglary näsaglara hyzmat edýär. Şypahanada em wannalary, bejeriş wannalary, dermanlyk ösümlikler bilen bejergi hem bardyr.
Häzirki günde “Mollagara” şypahanasy tanalmaz derejede özgerdilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, öz saglyklaryny dikeltmäge gelýän raýatlara ýokary derejede hyzmat edýär. Jemi 815 adama, şol sanda 170 maşgala niýetlenen bu şypahanada keselleri anyklaýyş, şeýle hem bejeriş merkezinden, çagalar bölüminden başga-da suwasty owkalama, duzly suwly wannalar we duşlar, sowuk howa akymy, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde näsaglary gyzdyrlan daşlar, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon gazy, ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan erginler bilen bejermegiň täze we netijeli usullary hem giňden ulanylýar. Bu ýerdäki duzly kölüň kenarynda gün şöhlesi bilen saglygy berkitmek we dynç almak üçin niýetlenen 300 orunlyk solýariý bölüm hem işleýär.
Şypahanada öz saglyklaryny berkitmäge gelýän adamlaryň oňat dynç almaklary üçin hem zerur şertler döredilen. Bu ýerdäki täze açylan kitaphanada, internet kafede, restoranda we dükanlarda, amfiteatrda, gözellik salonynda we beýleki medeni durmuş maksatly otaglarda adamlara medenýetli hyzmat edilýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir