Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy, ol Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girer. Ýokary okuw mekdebiniň binasynyň günorta tarapyndan Oguzhan köçesi bilen kesişýän ýere çenli on gektardan gowrak ýerde administratiw-okuw klasteri kemala getiriler.

“Ajaýyp gurluşyk” kompaniýasynyň amala aşyrýan taslamasynda “Ýimpaş” kompaniýasynyň edara jaýynyň sekiz gat binasynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar, onda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ozalky adybir supermarketiň jaýynda bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti ýerleşer. Onuň golaýyndaky meýdanda köpugurly sport toplumy, bäş gatly umumy ýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoulag duralgasy, welosiped we ylgaw ýodajyklary gurlar. Ministrligiň jaýynda işewürlik zolagyndan başga-da, maslahatlar zaly, muzeý, trenažorlar otagy göz öňünde tutulan.

Täze fakultetde ylmy tutumly maglumatlar tehnologiýalaryny giňden ulanyp, ýokary ussatlykly türgenleri we olimpiýaçylary taýýarlamagyň köpugurly ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar. Türgenleri toplumlaýyn taýýarlamak konsepsiýasyna laýyklykda döwrebap kompýuterli okuw otaglaryndan başga-da bu ýerde häzirkizaman türgenleşik binýady bolar. Hususan-da, boksçylary, başa-ýaş söweşler we söweş sungaty ugurlarynyň ählisinden, gylyçlaşmak, stol üstünde oýnalýan tennis we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ussatlary taýýarlamak üçin zallar bolar. Ýörüteleşdirilen otaglar sensor manekenler we döwrebap trenažorlar bilen enjamlaşdyrylar.

Fakultetiň ylmy binýady okuw-türgenleşik işiniň lukmançylyk-biologiýa we psihologik üpjünçiliginiň ýokary tehnologiýalaryny, türgenleriň ýagdaýynyň döwrebap dessin-anyklaýyş usullaryny ulanmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem sport medisinasy kafedrasy, funksional anyklaýyş otaglary, dikeldiş zallary, belent daglyk şertlerinde türgenleşmek üçin kriogen kameraly otaglar, türgenleriň myşsasyny barlamak üçin laboratoriýalar we beýlekiler bolar.

Iki gatly köpugurly sport toplumynda okuw otaglary, mugallymlar üçin otaglar, ternažor zaly, sportuň oýun görnüşleri, bilýard we tennis otaglary, owakalaýyş otaglary, lukmançylyk nokady we beýleki ýörüteleşdirilen hem-de kömekçi otaglar ýerleşer. Täze okuw-sport toplumy türkmen olimpiýaçylaryny we hünärine ussat tälimçileri taýýarlamak üçin binýat bolar.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir