Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, bu wekilçilikli forumyň ajaýyp wakanyň — sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkeze öwrüljek Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylmagynyň öňüsyrasynda geçirilmegi bellärliklidir.

Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, köp şahaly ulag düzümini döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz ençeme gezek şu mesele boýunça iri forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň hatarynda ýokary derejeli halkara maslahat we BMG-niň howandarlygynda guralan Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahat bar. Bu forumlar 2014-nji ýylyň sentýabrynda hem-de 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamalar — Aşgabat Jarnamasy we Aşgabat Beýannamasy strategik ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmekde saldamly goşant boldy.

Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de zerurdygy äşgärdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Daşary ýurtlaryň ençemesiniň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şeýle hem ulag we logistika ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekillerini birleşdiren bu forum hem muny tassyklaýar. Türkmen tarapyndan onuň işine hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda ýurdumyzda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bar.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyň geçirilýän ýeri bolan “Awaza” kongresler merkezine bardy.

Eýwana geçip, milli Liderimiz ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen mähirli salamlaşdy.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar resmi taýdan bilelikde surata düşenlerinden soň, forumyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz zala barýar, milli Liderimizi ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Milli Liderimiz ýygnananlara: “Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, olara “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri, şeýle hem biziň halkymyz bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri — rus dilinde dowam etdi.

Biz bu ýerde köp döwletleriň ýokary wezipeli wekillerini, ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, dünýäniň dürli künjeklerinden görnükli diplomatlary, syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini görýändigimize şatdyrys. Bu dabaralara şeýle giňişleýin derejede gatnaşylmagyna Türkmenistana goýulýan hormat, biziň maksatlarymyzyň we gyzyklanmalarymyzyň umumylygynyň görkezijisi diýip doly esasda garamaga haklydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu halkara forumy geçirmek başlangyjy tötänleýin döremedi. Biz şu ýüzýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň ähmiýetini üns bilen we düýpli öwrenmegiň, onuň dünýäniň onlarça döwletleriniň, ýüz millionlarça adamlaryň ösmegi, abadançylygy üçin açýan ägirt uly mümkinçiliklerini seljermegiň wagty geldi diýip hasap edýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoly belli bir geografik giňişlikleriň arasyndaky ulag ugry bolmak bilen çäklenmeýär. Bu düşünjäniň örän möhüm syýasy, ynsanperwerlik, dünýägaraýyş manysyna eýe bolýandygyna ynanýaryn. Esasan-da, häzirki döwrüň örän çylşyrymly, kähalatlarda bolsa biziň şaýady bolýan agyr ýagdaýlarymyzyň şertlerinde munuň ähmiýeti ýokarlanýar. Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynam, özara düşünişilmegine we açyklyga ýardam bermek ýörelgelerinde birleşdirer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biziň ýurdumyzda 2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar bilen geçýär. Bu tötänlik däldir. Köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistan Ýewraziýa ýollarynyň çatrygy, medeniýetleriň, siwilizasiýalaryň, däp-dessurlaryň we ýörelgeleriň duşuşýan künjegi boldy. Türkmen halky bu mirasy özüne kabul etdi, ol halkymyzyň dünýägaraýşyna ornaşdy, häzirki wagtda, öz taryhymyzyň täze tapgyrynda biz Beýik Ýüpek ýolunyň üýtgewsiz gymmatlyklaryny, onuň biziň ýaş döwletimiziň kemala gelmegine we ösüşine, beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryna ýetirýän oňyn täsirini gaýtadan dikeldýäris.

Bulary öz dostlarymyz hem-de bütin dünýädäki pikirdeşlerimiz bilen bilelikde amala aşyrýarys. Bu halkara maslahatyň işine giň we içgin gyzyklanma munuň subutnamasydyr. Onuň dowamynda, hakykatdan-da, düýpli we içgin gürrüňdeşligiň boljakdygyna ynanýarys, ol diňe bir gün tertibine girizilen meselä ünsi çekmek bilen çäklenmän, häzirki wagtda halkara gün tertibiniň köp sanly meselelerini çözmäge ýardam berer, şunda ulag meselesi ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler dünýä ösüşiniň häzirki meýilleri babatynda ägirt uly amaly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ählumumy wehimler ähli ýurtlara we sebitlere gönüden-göni howp salýar, syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýa düýpli täsirini ýetirýär.

Şu ýagdaýlarda dünýä bileleşiginiň ösüş maksatlarynyň umumylygyna, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna bilelikde garşy durmagyň zerurdygyna göz ýetirmegi, bu ugurda iş ýüzünde çäreleri geçirmäge taýýarlygy halkara gatnaşyklaryň bütin ulgamynyň durnuklylygynyň esasy şerti bolup durýar. Bu biziň sebitimiz üçin aýratyn möhümdir, ol tutuş dünýä syýasatynyň möhüm çäkleriniň hataryna okgunly geçýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleriň çözgüdini tapmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünmegiň hem-de şeýle hyzmatdaşlyga taýýarlygyň barha artýandygyna ynanýarys diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerini dünýä bileleşiginiň goldaýandygyna ýokary baha berýäris.

Ählumumy halkara hyzmatdaşlykda düýbünden täze ugur — ulag diplomatiýasy barha berk orun eýeleýär. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde bu mesele boýunça köpugurly anyk gepleşikleriň başyny başlan Türkmenistan ulag diplomatiýasyny döredijileriň biri bolup durýar.

Bu ýere ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda nähili ähmiýete eýe bolýandygyna göz ýetirýän, onuň ugurlaryna we geljekki mümkinçiliklerine dogry baha berýän adamlar ýygnandy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Maslahatyň dowamynda emele gelen ýagdaýlara kybap gelýän hem-de hyzmatdaşlyga çemeleşmeleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk çözgütleriň tapyljakdygyna, geljekki meýilnamalaryň kesgitlenjekdigine, täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna şübhelenmeýärin. Beýik Ýüpek ýolunyň ornuna bagyşlanan içgin gürrüňdeşligiň döwletleriň has oňat özara düşünişmegine, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täzeçe görnüşlerini we nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlyk, ynam, özara hormat goýmak — bu ýörelgeler Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr. Beýleki döwletler, halkara düzümler bilen içgin we gyzyklanma bildirilip gepleşikleri geçirmäge taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarynda ýygnananlara baý many-mazmuna eýe bolan maslahat garaşýandygyny belläp, olara tüýs ýürekden öňde boljak işde üstünlikler arzuw etdi.

Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýene bir gezek mähirli gutlap, söz sözledi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny görkezdi.

Şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere öz çemeleşmelerini kemala getirip, Türkmenistan, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz hem-de wajyp halkasy hökmünde garalmagyndan ugur alýar diýip, milli Liderimiz belledi. Birnäçe taryhy, geosyýasy, ykdysady ýagdaýlaryň täsirine baglylykda, bu sebit diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, umumymilli işlerde hem aýratyn orun tutýar we şeýle bolmagyny dowam edýär. Ýakyn geljekde tutuş dünýä syýasatynyň ösüşiniň ugry Merkezi Aziýanyň nähili boljakdygyna, bu ýerde nähili ýagdaýlaryň kesgitleýji we esasy derejä öwrüljekdigine köp babatda bagly bolar.

Şoňa görä-de, biz Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegini Merkezi Aziýasyz göz öňüne getirmegiň mümkin däldigine ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hut şu topraklaryň üstünden asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalary birleşdiren kerwen ýollary geçipdir hem-de hut şu ýerde siwilizasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň merkezine öwrülen Gündogar bilen Günbataryň arasynda tebigy köpri kemala geldi. Biziň maksadymyz täze şertlerde hem-de döwrebap başlangyçlarda Merkezi Aziýanyň bu taryhy wezipesini gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

Bu maksatlaryň amala aşyrylmagynda Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmagynyň degişli ulag-üstaşyr kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmeginiň möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygy aýdyňdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyňlaşdyryşy ýaly, gürrüň Gara deňzi we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan ulag we üstaşyr gatnawyň ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn utgaşykly düzüminiň gurluşygy barada barýar.

Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi täze, hyzmatdaşlygyň has giň gerimli görnüşiniň döredilmegini aňladyp, ählumumy geoykdysadyýetde hakyky täzeçil pikirlenmegiň, onuň ösüşiniň strategik geljegini görmegiň mysaly bolup durýar.

“Demirgazyk — Günorta”, “Günbatar — Gündogar” ugurlary boýunça geçelgeleriň çatrygynda ýurdumyzyň täsin geografik ýerleşmegini nazara alanyňda, ulag düzüminiň ösdürilmegi, elbetde, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistany 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyz Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň hem-de ilatyň isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň depginli ösdürilmegi uzak möhletleýin maksatnamanyň binýatlaýyn serişdesi bolup durýar. Onda bu ulgamda esasy wezipeler hem-de olary amala aşyrmagyň gurallary döredilendir.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlarynda geçelgeleri we halkalary baglanyşdyrýan esasy uly ýollaryň ugry boýunça milli infrastrukturanyň has-da giňeldilmeginiň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlarynyň has uly möçberde netijeliligini üpjün etmek, içerki, üstaşyr we eksport-import gatnawlarynda ahyrky önümiň bahasynda ulag düzüminiň paýyny azaltmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunda intermodal gatnawlaryň ulag-logistiki merkezleriniň ulgamlarynyň döredilmegi bu strategiýany amala aşyrmagyň garaşylýan netijeleriniň biridir.

Täze ulag geçelgeleri bu ulgamda hyzmatlar bazaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu bolsa, öz nobatynda, işjeň marketing daşary ykdysady syýasatynyň alnyp barylmagyny, halkara ulag geçelgelerine gatnaşyjy ýurtlar bilen nyrhlaryň ýagdaýyna seredip durmagy hem-de nyrh ýeňillikleriniň çeýe ulgamyny talap edýär. Häzir Türkmenistanda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasy” bolmaga gönükdirilen ajaýyp inženerçilik desgalary bolan demir ýol we awtomobil köprüleri ulanmaga berilýär, dünýä derejesindäki täze howa menzilleri gurulýar.

Ýurdumyzyň deňiz flotunyň hem-de ähli degişli düzümleriniň ösdürilmegi strategik ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 2013-nji ýylyň awgustynda badalga berlen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurulmagy onuň möhüm düzümi boldy. Häzir ol üstünlikli tamamlandy.

Bu desganyň iri möçberliligine baha bermek kyn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Meýdany 152 gektara golaý bolan täze Halkara deňiz portunyň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallarynyň gurulmagyny nazarda tutýar. Bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. Port ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat edip biler hem-de 400 müň konteýneri daşap biler.

Deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty, nebit önümlerini hasaba almanyňda,
17 million tonna ýüke barabardyr. Portuň giňişliginde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik hemra, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen amala aşyrylar.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň desgalary bilen bir hatarda, “Balkan” diýen gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody hem guruldy. Ýylda poladyň 12 müň tonnasyny işlemek mümkinçiligine eýe bolan bu zawod gämileriň dördüsini gurmaga hem-de 20 gämini abatlamaga niýetlenendir.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, täze port toplumy iri möçberli ýük akymlarynyň ýolda bolmagynyň wagtyny hem-de aralygyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berip, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen, Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir.

Şonuň bilen birlikde, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar, sebitara we yklymara aragatnaşyklary täze strategik häsiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz belledi. Elbetde, porty gurmak baradaky çözgüt kabul edilende, ilkinji nobatda, içerki zerurlyklardan ugur alyndy. Türkmenistanyň Günbatary, Hazar deňziniň kenary ýurdumyzyň örän depginli ösýän sebitleriniň biridir.

Bu ýerde kuwwatly senagat, energetika, ulag, kommunikasiýa düzümi döredilýär, häzirki zaman gazhimiýa senagatynyň binýady tutulýar. Biziň maksadymyz döwrebap deňiz düzümini gurmak arkaly tutuş milli ykdysadyýetimiziň has-da depginli ösmegine, onuň dürli ugurlaryna maýa goýumlaryny çekmäge kuwwatly itergi bermekden ybaratdyr. Munuň özi Türkmenistany häzirki zamanyň senagat taýdan ösen döwletine öwürmek baradaky biziň strategik maksatlarymyza laýyk gelýär.

Şonuň bilen birlikde, muny bu gün aýratyn nygtamak gerek, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň ähmiýeti öz-özünden milli çäklerden daşary çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Gurmak baradaky çözgüdi kabul edip, biz ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge, onuň gurluşyna täze giňişlikleriň hem-de ugurlaryň goşulmagyna tebigy ýagdaýda gönükdiriljekdiginden ugur aldyk.

Biziň hereketlerimiziň yzygiderliligi sebitiň beýleki döwletleriniň daşarky bazarlaryna netijeli çykalgany üpjün edip biljek, yklymda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge goşmaça mümkinçilikleri açyp biljek ulag gatnawlarynyň ulgamyny döretmegiň zerurlygyna alyp bardy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň hem-de ony halkara ölçeglere laýyk getirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi kabul edildi. Biziň ýurdumyz deňizde söwda ýüzüşiniň meselelerini kadalaşdyrýan ençeme Halkara Konwensiýalaryna goşuldy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenbaşyda täze Halkara deňiz portunyň gurulmagy bu diňe bir iri möçberli we ykdysady taýdan esaslandyrylan milli taslama däldir, onuň kuwwatynyň ulanylmagy ykdysadyýetde, söwdada maýa goýumlarda köptaraply gatnaşyklary ep-esli giňeltmäge mümkinçilikleri açýar diýip belledi. Aslynda, Türkmenistanyň günbatarynda, strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Hazarara gatnawlarynyň möçberlerini we hilini artdyrmak üçin iri meýdança döreýär, ulag akymlarynyň täze gurluşy kemala gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu taslamanyň ekologik düzüm bölegine ünsi çekdi. Işiň ähli tapgyrlarynda bu baradaky mesele biz üçin gürrüňsiz suratda ileri tutulýan ugur boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň ekologiýa howpsuzlygynyň iň ýokary talaplaryna we ölçeglerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Taslamanyň ykdysady we täjirçilik esaslandyrmalaryndan, ekologik ölçeglerinden başga-da, onuň geosyýasy ähmiýeti barada-da ýatdan çykarmaly däldir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň täze portunyň işläp başlamagynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda syýasy ýagdaýlara örän oňyn täsir etjekdigine, birnäçe möhüm meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berjekdigine, ynanyşmak hem-de bähbitleriň gabat gelmegi ýörelgelerinde yklymlaýyn döwletara aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk berjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň halkara strategiýasyna takyk goşulyşýar, ulag akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy onuň binýatlyk we üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar. Biz hut köpugurly nusganyň, täze ugurlaryň döredilmeginiň zerur bolan durnuklylygy hem-de ählumumy ösüşe täze depgin berip biljekdigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Bu bolsa çylşyrymly, kähalatlarda bolsa mesele döredýän ýagdaýlar babatda aýratyn möhümdir. Şeýle ýagdaýlary bolsa biz häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde görýäris.

Täze portuň ulanmaga berilmegi bilen, halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň goşmaça mümkinçilikleri açylýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyndan bolan hyzmatdaşlar bilen onuň dürli ugurlaryny we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistan taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hormatly guramalary açylýan mümkinçilikleri has doly netijeli peýdalanmak maksady bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge çagyrdy.

Türkmenbaşy portuny biziň sebitimiziň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary tarapyndan peýdalanylmagynyň oňat geljegi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň olar bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin gepleşiklere taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalanda, Türkmenistan bu işlere Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň derejesine ulag meselesi babatda ählumumy gepleşikleri geçirmek başlangyjy bilen çykyp, biz onuň häzir Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen gönüden-göni arabaglanyşyklydygyndan ugur aldyk. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm meselelerini çözmäge bütin dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna bermäge, Ýer ýüzüniň serişdelerini gorap saklamaga we köpeltmäge gönükdirilen häzirki zaman ulag gurluşyny kemala getirmek häzir ýurdumyzyň ulag ulgamynda ähli halkara işleriniň özenidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan bu meselä jogapkärli çemeleşip, soňky ýyllarda birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürdi. Şol başlangyçlar bütin dünýäde düşünmek bilen kabul edilip, goldawa eýe boldy. Onlarça döwletleriň awtordaş bolan durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň türkmen taslamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň subutnamasydyr. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpüsi şu zalda wekilçilik edýän şol döwletleriň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny bildirdi.

Halkara ulag düzüminiň ösdürilmegi barada aýdyp, ýurdumyz hemişe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (AÝYDK) bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň we özara hereket etmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň tejribesi esasynda Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak Modal Ýoly döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär. Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Modal Ýoly boýunça başlangyjy bu ugurda ulag geçelgelerini ösdürmek babatda biziň garaýan geljegimize doly laýyk gelýär diýip, milli Liderimiz belledi. Biz ony doly goldaýarys hem-de örän işjeň orun eýelemäge we bu taslamanyň amala aşyrylmagyna anyk goldaw bermäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz BMG-niň, ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň düzümine girýän agza döwletleriniň ählisine bu meseläni içgin ara alyp maslahatlaşmaga goşulmagy teklip etdi.

Bu guramalaryň çäklerinde türkmen tarapy Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň gurluşygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy işjeňleşdirmäge çagyrýar.

Türkmenistan şeýle hem TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýadan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmeginiň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmegiň hem-de Ýewraziýanyň dünýä ykdysady polýuslarynyň ikisini hil taýdan täze derejelerde birleşdirmegiň tutanýerli maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda örän uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi.

Türkmenistan özüniň baý serişde binýadyny, infrastrukturany, geografik taýdan ýerleşmegiň bähbitlerini halkara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, Ýewraziýada döwrebap ösüşleriň hakyky zerurlyklaryna kybap gelýän täze gurluşlaryň hem-de gatnaşyk etmegiň nusgalarynyň kemala getirilmeginiň bähbitlerine peýdalanmaga taýýardygy barada ynamly aýdypdy. Türkmenbaşy Halkara portunyň gurulmagy bu işlere Türkmenistanyň anyk we uly goşandy boldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmen taslama düzüjilerine, inženerlerine, gurluşykçylaryna, bu taslamanyň amala aşyrylmagyna goşant goşanlaryň ählisine yhlasly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz taslamanyň üstünlikli tamamlanmagyna goşantlary üçin şu ýerdäki daşary ýurt döwletleriniň we kompaniýalarynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu waka bilen gutlap, täze portuň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, iki yklymyň arasynda ençeme onýyllyklar üçin deňhukukly, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge giňden açylan derweze boljakdygyna ynam bildirdi hem-de bu ýere ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Ekspeditorlar assosiasiýasynyň halkara federasiýasynyň prezidenti (FIATA) jenap Babar Badata söz berildi. Ol Hazaryň kenarynda geçýän halkara foruma çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, şeýle derejedäki duşuşyga gatnaşmagyň FIATA üçin hormatly wezipedigini belledi.

Myhman ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, tutuş sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi babatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhümdigini, şeýle hem onuň gurluşygynyň we enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini nygtady.

Jenap Babar Badat Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde täze portuň ähmiýeti barada aýdyp, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän köpri hökmünde onuň eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Myhman şeýle hem FIATA agza döwletleriň arasynda ýük daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine federasiýanyň ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň syýasaty halkara logistik merkez hökmünde onuň tutýan ornuny pugtalandyrýar diýip, myhman aýtdy. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy, ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy ýoluny çekmek boýunça taslamalar “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlar boýunça ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň meýilnamalarynyň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

FIATA-nyň ýolbaşçysy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň federasiýa tarapyndan goldanylýandygy barada aýdyp, geljekde uly mümkinçilige eýe bolan bu ugurda bilelikde işlemäge hem-de tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Babar Badata minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň FIATA bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdüriljekdigine we ählumumy ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz biz Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň döwletimiziň durnukly ulag ulgamyndaky tekliplerini we başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berýäris diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamalarynyň birnäçesini kabul etdi. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat ýokary derejeli iri forumlaryň, şol sanda 2016-njy ýylyň noýabrynda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag boýunça ählumumy forumynyň guralan ýerine öwrüldi. Mundan başga-da, ýurdumyzda maslahatlar hem-de media forumlar görnüşinde möhüm ähmiýetli çäreleriň ençemesi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz şu forumyň bu ugurdaky ählumumy hyzmatdaşlygyň maksatnamalaýyn hereketleriniň dowamy bolup durýandygyny nygtap, FIATA-nyň baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we işiň halkara ulag we gatnawlar ýaly möhüm ulgamynda üstünlikler arzuw etdi.

Forumyň dowamynda Ginnesiň Rekordlar kitabyndan, iri halkara guramalardan, meşhur daşary ýurt kompaniýalaryndan we düzümlerden sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Daşary ýurtly myhmanlara söz berilýär.

Ilki bilen, meşhur Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekili hanym Şeýda Subaşi çykyş etdi. Myhman şu günki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ajaýyp gazanylanlaryň ikisi mynasybetli Türkmenistanyň adyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdy.

Bularyň ilkinjisi deňiz derejesinden aşakda ýerleşen (umumy meýdany 1 million 358 müň 484 inedördül metr) iň uly deňiz portunyň gurulmagydyr.

Ikinjisi bolsa deňiz derejesinden aşakda ýerleşýän iň uly emeli ada bolup, ol göçüp-gonýan guşlar üçin örän ähmiýetli we möhüm taslama bolup durýar. Bu maglumatlaryň ählisi resmi taýdan tassyklanylandyr.

Dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hanym Şeýda Subaşi hormatly Prezidentimize degişli sertifikatlary gowşurdy.

Soňra “Ýüpek ýoly” Halkara söwda palatasynyň (SRCIC) hem-de «Tang West Market Groupyň» başlygy jenap Lu Szýançžun çykyş etdi. Ol Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň teklip eden “Bir guşak — bir ýol” başlangyjy bilen ugurdaş ýerine ýetirilýändigini nygtady. Bu iki başlangyç hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň durmuş-ykdysady taýdan rowaçlygynyň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmekde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Myhman Türkmenbaşyda täze Halkara deňiz portunyň açylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu taslamanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasynda gatnaşyk edilmegine iş ýüzünde goşulan goşant bolup durýandygyny nygtady. Bu desganyň ulanmaga berilmegi geljekde Türkmenistanyň hem-de “Bir guşak — bir ýol” taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder, sebitde bolşy ýaly, bütin dünýäde hem ykdysadyýetiň ýokarlanmagyna, transmilli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine hyzmat eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dürli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar, bu bolsa halkyň abadançylygyny üpjün edýär diýip, Lu Szýançžun aýtdy. Myhman türkmen Liderine “Ýüpek ýoly” Halkara söwda palatasynyň sertifikatyny gowşurmak baradaky çözgüdi habar berip, bu şöhratly ýoly täzeden dikeltmek boýunça iki tarapyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň halklarynyň umumy arzuwynyň hasyl bolmagyna hyzmat etjekdigini belledi.

SRCIC-niň ýolbaşçysy dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gadymy Ýüpek ýoluny dikeltmek arkaly Gündogaryň we Günbataryň birleşdirilmegine ýardam edýän Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty taslamasyny amala aşyrmakda öňdengörüjilikli ussatlygy üçin sertifikaty gowşurdy.

Soňra Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň Söwda-senagat palatalary konfederasiýasynyň (CACCI) Prezidenti jenap Jemal Inaişwilä söz berildi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri hem-de täze Ýüpek ýoluna gatnaşýan ýurtlar üçin hem taryhy wakadygyny nygtady.

Türkmenistan öň hem sebitara söwda gatnaşyklarynda möhüm orun eýeläpdi, bu meşhur taryhy ýoluň dikeldilýän häzirki döwründe hem onuň eýeleýän orny barha uly ähmiýete eýe bolýar. Strategik taýdan amatly ýerleşmegi türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly düzümleýin taslamalaryň ählisi ýurduň Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze Ýüpek ýolunda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar diýip, myhman aýtdy.

Öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça gurlan köp sanly ýöriteleşdirilen terminallary özüne birleşdirýän köpugurly döwrebap port toplumynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberlerini köp esse artdyrmaga, onuň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýeti güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman geljegiň konteýner gatnawlaryna degişlidigini nazara almak bilen, Hazar deňzindäki ilkinji täze konteýner terminalynyň ähmiýetini belledi.

Jenap Jemal Inaişwili milli Liderimizi hem-de ýygnananlaryň ählisini şu günki taryhy waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmenistanlylaryň ählisine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Myhman çykyşyny tamamlap, CACCI-niň adyndan döwlet Baştutanymyza Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň ösmegine we rowaçlanmagyna goşandy üçin sertifikaty gowşurdy.

Soňra çykyş eden Maks Plankyň ornitologiýa institutynyň direktory, professor, doktor Manfred Gar (Germaniýa) Beýik Ýüpek ýolunyň bölegi bolup durýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, “Gündogar — Günbatar” ugry boýunça däp bolan bu söwda ýolunyň guşlar dünýäsinde hem olaryň göçüp-gonýan ýoly hökmünde meňzeşligi bardyr. Bu babatda Hazar deňziniň kenarlary göçüp-gonýan guşlaryň düşleýän hem-de gyşlaýan ýeri bolup durýar.

Şeýlelikde, adamyň ýaşaýyş-durmuş işiniň netijesinde tebigy çäkleriň ýitgisiniň öwezini dolmak maksady bilen, emeli guş adalaryny döretmek boýunça taslama täsindir hem-de aýratyn hormata mynasypdyr.

Doktor Manfred Gar hormatly Prezidentimizi tebigata hem-de adamzada peýda getirjek bu geljegi uly taslamanyň amala aşyrylmagy bilen gutlap, sebitde guşlaryň köpdürlüligini gorap saklamak üçin şertleriň döredilendigi hem-de olary goramak boýunça taslama üçin milli Liderimize Maks Plankyň ornitologiýa institutynyň sertifikatyny we sylagyny gowşurdy.

Soňra Awstriýanyň ornitologiýa merkeziniň direktory, professor Leonid Fusani çykyş etdi. Ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, bu taslama Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berilmegi buýsançly ýagdaýdyr. Şunuň ýaly oýlanyşykly çemeleşmä, şeýle hem portuň gurluşygynyň barşynda çykarylan toprakdan emeli ada döretmekdäki başlangyja ýokary baha berip, jenap L.Fusani ekologiýa abadançylygynyň baş maksatlaryna laýyk gelýän bu çözgüdiň örän paýhasly başlangyçdygyny nygtady.

Myhman Türkmenbaşy aýlagynyň Aziýada göçüp-gonýan guşlaryň esasy ugurlarynyň ýolunda ýerleşendigini belledi. Bu ýerde guşlaryň 300-e golaý görnüşini synlamak bolýar, olary esasan-da, gyş paslynda göçüp-gonýan wagtlarynda görmek mümkindir.

Awstriýanyň ornitologiýa merkeziniň direktory şu gezekki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen Lideriniň tebigaty goramak boýunça aýratyn tagallalarynyň ykrarnamasy baradaky sertifikaty gowşurdy.

Soňra Gamburgdaky “PricewaterhouseCoopers” (PwC) kompaniýasynyň “Maritime Competence Center” merkeziniň ýolbaşçysy jenap Klaus Brandt çykyş etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ilkinjileriň hatarynda bu döwrebap porty görmäge döredilen mümkinçilige buýsanýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, täze portuň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň Hökümeti öz öňünde milli ykdysadyýetini ösdürmek boýunça wezipe goýdy. Bu şeýle hem tutuş Ýewraziýa üçin düzüme uly maýa goýumlary, Hazarýaka ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň binýady bolup durýar. Eger şu täze deňiz porty gurulmadyk bolsa, ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny has dowamly awtomobil ýollary ýa-da demir ýollary boýunça amala aşyrmaly bolardy.

Ykdysadyýetde uzak möhletli oňat mümkinçilikleri döredýän bu portuň gurulmagy we ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde täze standartlary ýola goýdy. Siz dogry ýol bilen barýarsyňyz diýip, jenap Klaus Brandt belledi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy möhüm düzümleýin desganyň açylmagy bilen gutlap, milli Liderimize “PricewaterhouseCoopers” kompaniýasyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Iň gowy deňiz porty diýlip ykrar edilmeginiň sertifikatyny gowşurdy.

Soňra “Hamburger Hafen und Logistik AG” (HHLA) kompaniýasynyň Gamburg Konteýner terminalynyň (CTT) dolandyryjy direktory doktor Tomas Koha söz berildi. Myhman döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk bildirip, erkin söwdanyň hemişe milletleriň abadançylygynyň kepili, şeýle hem olaryň medeni taryhynyň aýrylmaz bölegi bolandygyny belledi.

Doktor Tomas Koh döwlet Baştutanymyzy şu günki ajaýyp waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny netijeli deňiz porty diýip ykrar etmegiň sertifikatyny gowşurdy.

Soňra Zeeland deňiz portunyň Gözegçi geňeşiniň başlygy jenap Rolf de Boer çykyş etdi.

Şunuň ýaly wekilçilikli foruma gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny nygtap, myhman Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine sertifikaty hem-de degişli nyşany gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soň, jemleýji söz bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz bu abraýly düzümleriň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna ýokary baha berýär, şeýle hem foruma çykarylan zerur bolan we möhüm meselelerde mazmunly hem-de oňyn çemeleşmelere sarpa goýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurylan sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, olary ilkinji nobatda, Türkmenistana, onuň halkyna hormat goýmagyň nyşany, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge, giň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol hyzmatdaşlykda deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek we açyklyk ýagdaýynyň berkarar bolmagyna ýurdumyzyň uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde kabul edýändigini belledi.

Türkmenistan bu ýörelgelere pugta we bütinleý ygrarlydyr hem-de häzir olaryň üstüniň hakyky, anyk işler bilen ýetirilmegi üçin hemme mümkin bolan işleri amala aşyrýar diýip, milli Liderimiz belledi. Biziň ýurdumyz iri düzümleýin, ulag-kommunikasiýa we energetiki taslamalary durmuşa geçirýär, halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarlylygyny, onuň netije bermegini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm netijeli başlangyçlaryny öňe sürýär. Bularyň ählisi dünýäde esaslandyrylan derejede ünsi çekýär hem-de möhüm bolan oňyn bahany emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki halkara forumyň çagyrylmagynyň we syýasatçylar, hünärmenler, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan oňa bildirilen giň gyzyklanmanyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek pikiriniň neneňsi uly ähmiýete eýe bolýandygyny habar berýändigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir söwdada, ykdysadyýetde, maýa goýumlarda däl, eýsem, syýasatda, medeniýetde, ynsanperwer gatnaşyklarda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde hem geljek açylýar.

Häzirki forum bu işlere ýardam bermäge, pikir alşylýan, özara hereket etmegiň netijeli nusgalary işlenilip taýýarlanylýan, hünär derejesinde gymmatly gatnaşyklaryň üstünde işlenilýän meýdançalaryň biri bolmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi mundan beýläk anyk işleri alyp barmak üçin örän möhümdir we örän peýdalydyr.

Hormatly Prezidentimiz forumyň açylmagy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlady we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýle hem şu gün döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

***

Soňra “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum umumy mejlis bilen işini dowam etdi. Onuň gün tertibine ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi. Halkara deňiz portlarynyň dünýä ykdysadyýetine täsiri, multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek, logistika, maýa goýum işi, işewür gatnaşyklary höweslendirmek ýaly meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar onuň ähmiýetini belläp, Bitarap Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň bu möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşandyna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz döredijilikli ylalaşdyryjylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, durnukly ösüşiň we durmuş-ykdysady rowaçlygyň esasy şertleriniň biri, kuwwatly birleşdiriji serişde bolup durýan sebit we dünýä ulag düzümini döretmäge öňdengörüjilikli we täzeçil çemeleşmäni görkezýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksatlarda Hazar, Gara deňzi, Baltika we Ortaýer deňzi sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda BMG we onuň esasy ýöriteleşdirilen edaralary we komissiýalary, şeýle hem ÝHHG, YHG, GDA, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (MSAT) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgesi boýunça hökümetara komissiýa we beýlekiler bilen özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini bellemek gerek.

“Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forumyň jemleri boýunça degişli Jarnama kabul edildi, onda duşuşyga gatnaşyjylaryň uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän häzirki zaman dünýä ulag ulgamyny döretmek boýunça döwletara we sebitara gatnaşyklara täze itergi bermäge ymtylmalary öz beýanyny tapdy.

Çeşme: tdh.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir