Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasy toý-baýramlara, beslenip halkymyzyň hakydasynda şan-şöhratly uly dabaralary bilen ýatda galýan aýdyň maksatlar bilen ösüşleriň özgerşikleriň mekanyna öwrülýär.
Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň gadyr-gymmatyny bilýän türkmen halkymyz owadan kişmir atlarynyň, ýagny asly tohum atlarynynyň owadanlygy, özboluşly duýgur häsiýetleri bilen dünýäde deňi-taýy gaýtalanmaýan nesillerini ösdürip ýetişdirmekde, olary seýislemekde uly işleri bitirýär. Hormatly Arkadagymyz hem Ahalteke bedewleriniň dünýä tanalmagy üçin olara aýratyn gadyr-gymmat goýup ýurt derejesinde uly işleri amala aşyrýar. Muňa mysal edip hut 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmen bedewleriniň baýramy mynasybetli ahal-teke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde neşir önümlerinde, fotosuratlarda teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçyaryň, zergärleriniň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmegi bellenildi. Ýörite resminama bilen ýokarda agzalan bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklandy. Bu çärä gatnaşanlar türkmen halkynyň öz atlaryna bolan söýgüsiniň has ýokarydygyna göz ýetirýärler. Bu bäsleşik türkmenleriň görer gözüne deňeýän, syrdaşy, gardaşy, uçar ganaty hasaplaýan bedew atlarymyzyň gözelligine bolan söygüsinden, ylham joşgunyndan syrylyp çykyp, irginsiz zähmeti, ýüreginde küräp duran söýgüsinden kemala gelen sungat eserleriniň ençemesini döreden döredijilik adamlarynyň zähmetiniň ajaýyp netijesini dünýä ýaýar.
Goý, Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir