Aýala zyna töhmetini atmak uly günä saýylýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
وَالَّذِينَ يَرْمُونَ الْمُحْصَنَاتِ ثُمَّ لَمْ يَأْتُوا بِأَرْبَعَةِ شُهَدَاءفَاجْلِدُوهُمْ ثَمَانِينَ جَلْدَةً وَلَا تَقْبَلُوا لَهُمْ شَهَادَةً أَبَداً وَأُوْلَئِكَ هُمُالْفَاسِقُونَ {4} إِلَّا الَّذِينَ تَابُوا مِن بَعْدِ ذَلِكَ وَأَصْلَحُوا فَإِنَّ اللَّهَ غَفُورٌرَّحِيمٌ
“Namysly aýallara (zyna günäsi bilen) töhmet atyp, soň hem dört şaýat getirmediklere segsen gamçy uruň we olaryň şaýatlyklaryny hiç haçan kabul etmäň! Olar pasyk kişilerdir. Meger mundan soň toba edip, düzelenler (muňa degişli däldir). Çünki Allah Bagyşlaýjydyr, Rehim–şepagatlydyr.” (Nur sür. aýat 4-5)
Yslam alymlary bu aýaty esas edinip, jemgyýetde arassa adama töhmet atylmagyny, onuň abraýdan gaçyrylmagyny gadagan edipdir.

Sorag-jogap, Ashykaydynpir tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir