Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösüşlere tarap öňe gidýär we goňşy döwletler bilen parahatçylykly, özara düşünişmek iki taraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmek işleri barha ilerleýär.
EYR-nyň baştutanynyň Türkmenistana boljak iş sapary, iki döwletiň gatnaşyklarynyň berkemegine, syýasy, ykdysady we medeni ugurlaryň ösüşiniň mundan beýläk hem ilerlemegine getirer. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde kuwwatly pudaklar kemala gelýär. Uzak möhletli geljege gönükdirilen Türkmenistan bilen EYR-nyň özara gatnaşyklary geljegi uly bolan, möhüm ugurlary öz içine alýar. Bu gatnaşyklar parahatçylyga, hoşniýetli goňşyçylyga, iki ýurduň halklarynyň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine we abadançylygyna hyzmat eder.

Täzelikler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir