2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçrildi. Bu geçirilen saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýagdaýynda geçdi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň berýän maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenen tertipde, öz wagtynda amala aşyryldy.
Aşgabat şäheri boýunça 299 sany saýlaw uçastoklary döredildi. Paýtagtymyzda saýlawlara taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp baryldy. Uçastok saýlaw toparlary öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Şol saýlaw toparlarynyň düzümine bolsa syýasy partiýalaryň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyp, öz öňünde goýan maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar. Saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary kesgitlenen we ylalaşylan tertipde guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.
Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat toý lybasyna beslendi. Aşgabat şäherinde döredilen saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde bu syýasy waka bilen baglanyşykly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Aşgabatlylar hem öz raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirip, saýlaw uçastoklaryna bardylar. Ähli saýlaw uçastoklary ir säher bilen gapylaryny giňden açyp, saýlawçylary güler ýüz, duz-çörek bilen garşy aldylar. Paýtagtymyzdaky 299 sany saýlaw uçastoklaryň ählisinde aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirilip, baýramçylyk ruhy döredildi. Ýerine ýetirilen medeni-köpçülik çäreleri saýlawçylaryň saýlawlara has-da höwesli gatnaşmaklaryna ýardam berdi. Ähli aşgabatlylar özleriniň kostitusion hukuklaryndan peýdalanyp, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak raýatlarymyz üçin ses berdiler. Ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýan ýaşlarymyz üçin bu syýasy waka has-da täsirli boldy. Olar dalaşgärler bilen geçirilen duşuşyklara hem yzygider gatnaşyp, dalaşgärleriň öňünde goýan maksatnamalary bilen hem tanşyp durandygyny buýsanç bilen aýtdyarlar. Şeýle-de, ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaşlarymyza we ýaşuly nesillerimize uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.
Ýurdumyzda geçirilen bu saýlawlaryň geçişini synlamak üçin halkara synçylaryň uly topary gatnaşdylar. Türkmenistanyň saýlawlaryna syn etmek üçin olar paýtagt şäherimiz Aşgabatda gelip, dürli saýlaw uçastoklarynda boldular. Synçylaryň ählisi-de saýlawlaryň ýokary guramaçylygna uly baha berdiler. Saýlawlaryň gidişi göni aragatnaşyk arkaly Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda görkezildi.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir